Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti öz hökümetini goraýar


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat öz teklip eden hökümet ministrlerini gorap çykyş etdi. Konserwatiw we reformaçy deputatlar onuň hödürlän adamlarynyň zerur taýýarlygynyň ýokdugyny, Ahmedinežadyň tejribesiz adamlary minist belleýändigini aýdýarlar.

Bu ýagdaý prezidentiň hödürleýän ministrleriniň käbiriniň mejlisde tassyklanmagynyň kyn boljagyny görkezýär.

Teklip edilýän hökümetiň 21 agzasy bolmaly. Oňa üç aýal hem girýär. Olar magaryfa, saglygy saklaýyşa we sosial abadançylyga ýolbaşçylyk ederler.
Bu üç aýal Yslam respublikasynyň taryhynda şeýle wezipä bellenýän ilkinji zenanlardyr.
XS
SM
MD
LG