Sepleriň elýeterliligi

Owgan saýlawlarynda galplyk aýyplamalary köpleýär


Owganystanda geçen prezident saýlawlarynda galplyk edilendigi baradaky şikaýatlar 700-e golaýlady. Saýlaw stansiýalarynyň 35 prosentinden ýygnalan resmi sanlara görä, prezident Hamit Karzaý sesleriň 46.2 prosenti bilen öňde barýar.

Ozalky Daşary işler ministri Abdylla Abdylla sanalan sesleriň 31.4 prosentini alypdyr. Karzaý birinji tapgyrda ýeňmek üçin sesleriň ýarysyndan köpüsini almaly.
Kommisiýa uly galplyk aýyplamalaryny derňemezden ahyrky netijelere kepil geçip bilmeýär.

Resmiler soňky netijeleri 17-nji sentýabrda aýan etmekçidiler, ýöne şikaýatlaryň köpelmegi munuň başa barmagyny kynlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG