Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Polisiýa akademiýasynyň täze binasy açyldy


Aşgabatda prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Polisiýa akademiýasynyň täze binasy açyldy. Täze akdemiýa birbada 800 kursanty we diňleýjini kabul etmäge niýetlenen.

Prezident Berdimuhamedow akademiýa aýlanyp görenden soň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen maslahatyny geçirdi we “Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durumy hem sosial goragy hakynda” kanuna gol çekdi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG