Sepleriň elýeterliligi

Polşa 2-nji jahan urşunyň başlanmagynyň 70 ýyllygyny belleýär


Ýewropa liderleri, şol sanda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin şu gün, 2-nji jahan urşunyň başlanmagynyň 70 ýyllygyny bellemek üçin, Polşanyň Gdansk şäherine ýygnanýar.

Adolf Hitler Polşa 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda çozupdy. Ol soňra Danzig diýlip atlandyrylan we etniki germanlaryň köplük bolup ýaşaýan Gdansk şäheriniň Germaniýa berilmezligini bahana edinipdi.

Duşanbe güni çap edilen pikir soraşlyklar polýaklaryň köpüsiniň 2-nji jahan urşunyň başlanmagynda Berlin bilen Moskwany deň derejede günäkär hasaplaýandygyny görkezdi.
XS
SM
MD
LG