Sepleriň elýeterliligi

Fransuz esgerleri Duşanbede gyzylýumruga girdi


NATO-nyň Täjigistandaky bazasynyň ýolbaşçylary bilen täjik häkimiýetleri Duşanbedäki restoranda üç fransuz soldaty bilen restoran işgärleriniň arasynda bolan darkaşa kimiň günäkärdigini bilmäge çalyşýar.

Ol esgerler şenbe güni Duşanbedäki Argili restoranyna barypdyr we nahar üçin hasaplaşjak bolanlarynda dawa turupdyr. Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary fransuz esgerleriniň iýen naharlarynyň puluny tölemän gitjek bolandygyny aýdýar. Onsoň restoranyň ýolbaşçysy olary saklajak bolýar we urlup, hassahana düşýär.

Fransuz ilçihanasynyň harby attaşesi bu darkaşyň başlanmagynda restoran işgärleri günäkär diýýär.
XS
SM
MD
LG