Sepleriň elýeterliligi

Zorlamalar barada maglumat çap edildi


Türme işgärleriniň tussaglary jezalandyrmak ýa-da kemsitmek maksady bilen zorlamak usulyny ulanýandygy baradaky aýyplamalar Eýran üçin täzelik däl.

Türme işgärleriniň tussaglary jezalandyrmak ýa-da kemsitmek maksady bilen zorlamak usulyny ulanýandygy baradaky aýyplamalar Eýran üçin täzelik däl.

Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna reformaçylardan kandidat bolup gatnaşan Mehdi Karrubi ýurtda saýlawlardan soň bolup geçen demonstrasiýalarda tussag edilenleriň tussaglykda zorlanandygy baradaky öz beýanatyna bolan tankyda jogap hökmunde bu ugurda ýene bir hereketi amala aşyrdy. Ol öz internet sahypasynda tussaglykda zorlanan ýaşlar barada maglumaty çap etdi.

Türme işgärleriniň tussaglary jezalandyrmak ýa-da kemsitmek maksady bilen zorlamak usulyny ulanýandygy baradaky aýyplamalar Eýran üçin täzelik däl. Emma Eýran jemgyýetiniň görnükli wekili tarapyndan şeýle usuldan peýdalanylýandygynyň boýun alynmagy hem-de bu mesele bilen baglanşykly derňew geçirilmeginiň talap edilmegi bu ýurtda ilkinji gezek ýüze çykýar.

Hökümete ýaramaýan beýanatlar

Eýran parlamentiniň öňki spikeri Mehdi Karrubi 12-nji iýunda geçirilen saýlawlarda ýeňilen hem bolsa, saýlawlardan soň bolup geçen wakalar bilen baglanyşykly hökümete ýaramaýan birnäçe beýanatlar bilen çykyş edip, oppozisiýanyň liderleriniň biri hökmünde öz pozisiýasyny berkitdi.

Şol beýanatlaryň hataryna Mehdi Karrubiniň, Eýranyň öňki prezidenti Haşemi Rafsanjanynyň ýolbaşçylygyndaky ekspertler assambleýasyna ýazan haty hem girýär. Bu hatda jenap Karrubi saýlawlardan soň bolup geçen demonstrasiýalarda tussag edilen aýallaryň hem ýaş ýigitleriň arasynda ýowuz gynamalara sezewar edilip, zorlananlaryň bardygyny ýazýar. Şeýle-de, ol bu hatda Haşemi Rafsanjana ýüzlenip, bu meseläni Eýranyň ruhany lideri Aýatolla ali Hameneýä ýetirmegini soraýar.

Mehdi Karrubiniň bu hatyndan soň berk pozisiýanyň tarapdarlary ony sistema subutnamasyz töhmet atmakda aýyplap, bu hereketi üçin Karrubini jogapkärçilige çekmäge çagyrdylar. Bu tankyda jogap hökmünde Mehdi Karrubi öz internet sahypasynda tussaglykda zorlanan ýaşlar barada maglumatlary çap etdi.

Şol maglumatlarda ýaş oglanlaryň biri öz başdan geçirenleri barada şeýle gürrüň berdi: ”Iň erbet ýeri bolsa, olaryň maňa eden zatlaryny hatda Hudaýa ynanmaýanlar-da, heýkele çokunýanlar-da yazgararlar”.

Şeýle-de, Mehdi Karrubi saýlawlardan soňky bidüzgünçilikler bilen bagly işlere garaýan ýörite parlament komissiýasyna tussaglykda özleriniň zorlanandygy barada açyk aýtmaga taýýarlanýan dört adamyň bardygyny tassyklaýar.

26-njy awgustda “Parlemannews” internet sahypasy adynyň agzalmagyny islemedik parlament komissiýsanyň agzasynyň “tussag edilenleriň arasynda taýak hem çüýşe bilen zorlananlar bar” diýen sözlerini çap etdi.

25-nji awgustda bolsa, Karrubiniň ogly Azatlyk Radiosynyň pars gullugyna beren interwýusynda zorlananlar bilen bagly beýleki wakalary hem öz kakasynyň geljekde parlamente ýetirmegi planlaşdyrýandygyny gürrüň berdi.

Ýyllyk hasabatlarda aýdylýar

Parižde ýerleşýän Adam hukuklary barada halkara federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Abdol Karim Lahidji Karrubiniň bu hereketleriniň örän zerurdygyny aýdýar. “Biz Birleşen Milletler guramasynyň Adam hukuklary boýunça edarasyna Eýranyň türmelerinde zorlamak usulyndan peýdalanylýandygyny ýyllyk hasabatlarymyzda aýdyp gelýäris. Häzir bu mesele iki gezek Eýran parlamentiniň spikeri bolan, prezidentlik saýlawlaryna gatnaşan ady belli şahsyýet tarapyndan gozgalýar.”

Şeýle-de, ol 80-nji ýyllarda Eýranyň türmelerinde zorlanan gyzlar barada köp maglumat alandyklaryny gürrüň berdi. 10 ýyl mundan ozal studentleriň demonstrasiýasyndan soň tussag edilenleriň zorlanmagy bilen bagly wakalary özüniň derňändigini hem Adam hukuklary barada halkara federasiýasynyň başlygynyň orynbasary Abdol Karim Lahidji Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Eýranyň ýazyjylar Assosiasiýasy bu barada ýaýradan ýörite beýanatynda zorlamak usuly bilen bagly gynamalaryň zorlananlaryň utanmak duýgularyna täsir edýändigi aýdylýar. Şonuň üçin bu beýanatda zorlananlaryň hiç zada garamazdan, öz başdan geçirenlerini aýtmaklaryna oňyn baha berlip, olaryň söz, pikir azatlygyna goşant goşandyklary ýazylýar.

Synçylaryň pikirlerine görä, saýlawlardan soň ýüze çykan bidüzgünçilikler yslam respublikasynyň kanunylygy meselesini sorag astynda goýdy.

Tussag edilenleriň zorlanmagy bilen bagly aýyplamalar bolsa, resmileriň aýtmaklaryna görä, ahlak hem dini gymmatlyklara esaslanyp dolandyrylýan Eýran gurluşyna ýene bir möhüm synag bolar.
XS
SM
MD
LG