Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe bilen Ermenistan diplomatik gatnaşyklary ýola goýarlar


Türkiýe bilen Ermenistan diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda hereket edip başladylar. Bu barada düýn 31-nji awgustda ýörite bilelikdäki beýanata gol çekildi.

Bu dokumentde iki tarap hem 6 hepdäniň içinde öz ýurtlarynda maslahat geçirip, soňra diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin iki protokola gol çekjekdikleri aýdylýar. ABŞ bu habary hoşallyk bilen garşy alyp, iki ýurdyň hökümetleri bilen hem ýakyn işleşmäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkiýe 1991-nji ýylda Ermenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biri boldy. Ýöne bu iki ýurt hiç haçan diplomatiki gatnaşyk gurmady we olaryň bilelikdäki serheti 1993-nji ýyldan bäri ýapyk dur.
XS
SM
MD
LG