Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde Beslan tragediýasynyň bäş ýyllygy bellenilýär


Şu gün Orsýetde Beslan tragediýasynyň bäş ýyllygy bellenilýär. Bu ganly waka bilen bagly senä bagyşlanan dabara, irden sagat 9:15-de, ilkinji jaň bilen başlandy.

Hut şol wagt, 2004-nji ýylyň 1-nji senýabrynda 32 çeçenden ybarat ýaraglanan topar 1200 adamy zamun alyp, olary üç günüň dowamynda sakladylar.

Orsýetiň goşunlary tarapyndan zamunlary boşatmak maksady bilen geçirilen hereketiň netijesinde 334 adam heläk bolupdy, olardan 180-si çagalar.

Bu gün şol betbagytçylygyň ýüze çykan ýerine ýüzlerçe adam ýygnanyp, heläk bolanlaryň ýadygärligini hormatladylar.

Orsýetiň hukuk goraýjylary bu waka bilen bagly derňewiň geçirilşinden närazydyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG