Sepleriň elýeterliligi

“Ondä näme, biz indi ýeňildikmi?”


Ýewropada okaýan türkmenistanly student Döwletmyrat R. türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlaryň hususy okuw jaýlarynda okaýan studentlere girizen syýahat gadaganlygy boýunça garaýyşlaryny hat üsti bilen Azatlyk Radiosyna beýan etdi.

Döwletmyrat R.

Bize “daşary ýurtlara okamaga gitmäň” diýýärler. Türkmenistanyň öz içinde okaýan dostlarymyza okuw jaýlarynyň rektorlary “daşary ýurt ilçihanalaryndan we okuw merkezlerinden daşda duruň, daşary ýurtlaryň okuw programmalaryna ýazylmaň, internet ulananyňyzda syýasy saýtlara ýalňyşyp hem giräýmäň” diýýärler.

Daşary ýurtdan öýe dynç almaga barsak, ene-atalarymyzyň hem ýüregi agzynda. “Oglum, žurnalistlere golaýlaşmaweri, syýasatdan daşda duraweri. Kän adyň çykmawersin, bize bir gep geläýmesin. Ýogsam, bujagaz işimizden hem dyndararsyň...” Garaz, adamyny öz-özünden gorkuzýan ençeme tabşyryklar hopukdyryp başlaýar.

Dogrusy, daşary ýurtlaryň studentleri ýaly jemgyýetçilik we syýasy çärelere işjeň gatnaşyp hem baramzok. Has anyk aýtmaly bolsa, Türkmenistanyň syýasaty bilen işimizem ýok ahyryn. Ýok, ýalňyş pikir etmäň, bu biziň başarmaýanlygymyzdan, bilmeýänligimizden ýa-da bigeleňligimzden däl. Ýöne biziň gözümiziň ody öň hem alnan. Indi bar aladamyz ýurda arkaýyn girip-çykyp, sag-aman okuwymyzy tamamlamak.

Indi biziň okamagymyza hem päsgelçilkler döredilip başlandy. “Harby gulluga gitmänsiň, okaýan okuwyň hususy okuw jaýy, okuwyň pylan ýerde ykrar edilmedik” diýip... Biziň etmişimiz nämedi? Watana gullyk diňe harby nyzamda edilenok diýip öwretdiler bize.

Biziň daşary ýurtda okamaga döwlet tarapyndan iberilmändigimiz biziň bikanun okaýandygymyzy ýa-da döwlete zyýanly adam bolup ýetişjekdigimizi aňladanok ahyryn. Okuwymyzdan daşary dükanlarda, restoranlarda we şuňa meňzeş ýerlerde işläp, öz çykdajylarymyzy özümiz ýapyp ýörkäk, häzirki gadagançylyklar artykmaç geldi bize.

Biziň orta mekdepde okaýan döwürlerimizde mekdep jaýymyzyň edil girelgesiniň agzynda, “Eziz oglum, mähriban gyzym! Oka, öwren, döret. Seniň ylymly, bilimli bolmagyň Ata-Watan üçin, eziz diýar üçin zerur gerekdir” diýen ýazgylar asylgydy. Mugallymlarymyz bize sapaklarda, diňe bir döwlet uniwersitetlerine däl, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlaryna girmegi başarmagymyzy ündeýärdiler.

Ýurtda hökümet täzelenensoň, “daşary ýurtlaryň okuw tejribesi” diýen sözleri öz içine alýan döwlet ýolbaşçylarynyň çykyşlary köpelip başlady. Bu bolsa Watanymyza biziň gerekdigimize has uly ynam berýärdi. Hatda bir dostumyň “Eşitdiňmi, indi okuwy gutaryp barsak, bize iş bererler, döwletde işläp bileris” diýen begençli sözleri entek gulagymdan gidenok. Bilemok, görýän welin, o sözleri diýerden entek ir öýdýän.

Ýurdumyzyň häkimiýetleri ýurdy ösdürmek üçin hakykatdanam alada edýän bolsalar, olar daşary ýurda okamaga gidýän ýaşlara, olar okuwlaryny tamamlanlaryndan soň, ýurda gelip Watana hyzmat etmegi üçin gerekli şertleri döredip, mümkin bolan kömegi näme üçin bermeýärler? Näme üçin daşary ýurtlarda, hasam Günbatarda okan deň-duşlarymyz döwlet işlerine golaýlaşdyrylanok?

Biz okwumyzy tamamlap baramyzsoň, iş bermesinlerem, ýöne azar hem bermesinler diýäýmek galýar indi. Öz bilimine, başarnygyna, ukybyna göwni ýetýän her bir adam öz başyny özi çaraýar. Bizi iş bilen üpjün etmek döwletiň borjy hem bolsa, biziň döwlete ýük bolmak niýetimiz ýok.

Ýok, ýok... Biz daşary ýurtlarda okaýan studentlere döwlet hiç hili asla gözegçilik etmesin diýemzok. Muny etmek olaryň borçlary... Ýöne çenden aşa gözegçilik başlansa, ol eýýäm basyş bolýar.

Jemgyýetmizdäki ýaşlara şeýle bir göz aýlap göreliň. Ýurtdaky studenleriň öz aralarynda iň hormatlanýanlary gymmat bahaly egin-eşikleri geýýänlerden, gadaganlyk girizilensoň, okuw administrasiýasyna bildirmän gymmat bahaly awto-ulaglary münýänlerden, kimdir birlerine daýanyp, islän wagty okuwa gelýänlerden ybarat. Pylany ýaman işine we okuwyna ökde diýilse, “Aý ol daşary ýurt uniwersitetinde okaýandyr” diýmek indi türkmen ýaşlaryna endik bolup barýar. Şu ýagdaý ýolbaşçylary alada goýmaýarmyka?

Eýse, biz häzir okuw jaýlarymyzyň puluny tölemek üçin ýurduň banklaryndan kömek pul ýa-da karz soraýarysmy? Ýa ýurtdan çykýan studentleriň kän bolmagy Türkmen Howa Ýollaryna agram salýarmy? Ýa biz serhet düzgünlerini bozýarysmy? Ýa-da biz daşary ýurda çykyp, Türkmenistanyň abraýyny pese gaçyrýarysmy? Gaýtam biz daşary ýurtlulara, kartada Türkmenistanyň niredediginem tapmaýan, çölünden, gazyndan we “Ruhnamasyndan” başga zadyny bilmeýän beýleki ýurtlaryň studentlerine özümizi görkezip, ýurduň abraýyny galdyrýarys ahyryn...

Hatda käbir studentler bize “Türkmenistan diýseň ýapyk ýurt, metbugaty hem ýapyk, ýurda girip-çykmak hem kyn, öz syýasy pikiriňi aýtsaň, işiň gaýdýar diýýärler, şol dogrumy?” diýip sorasalar, “Aý, ýok, edil beýle däl, häzir öňegidişlikler bar” diýýärdik. Halkara habar beriş serişdelerinde daşary ýurtlarda okamak boýunça döwletiň soňky alan karary ýaýransoň, indi biz olara nä ýüz bilen näme diýmeli? Onda näme, biz indi ýeňildikmi?

Şu tomus ýurdumy, şäherimi göresim gelýär diýip, Türkmenistana dynç almaga giden bir dostum, öýde penjiräň öňünde durup, köçäň gyrasynda ýazylan “Döwlet adam üçindir” diýen şygarlary okap, okuwyny dowam etdirmek üçin ýurtdan çykyp bilmän otyr. Onuň günäsi nämedi?

Indi biz ýurda gitmäge çekinip, oturan ýerimizden daşary ýurtly deň-duşlarymyzyň arasynda ýurdumyzy nädip aklajakdygymyz barada, Türkmenistanyň Demirgazyk Koreýa däldigini nädip düşündirjekdigimiz barada oýlanýarys. Ýöne bir fakt hemmelere mälim. Dünýäniň hiç bir ýurdy, tebigy baýlyklary kän hem bolsa, dünýäden üzňelikde ösüp bilmez. Okamak isleýänleriň öňüni bolsa, burokratiki päsgelçilikler bilen alyp bolanok.

Biz Türkmenistanyň ýaşlary. Ýurduň geljegi hem biz. Häzir biziň Türkmenistana arkaýyn girip-çykyp, okamagymyz üçin daşary ýurtly edaralar alada edýärler. Eýse, biz şeýle günlere näme üçin düşdük? Goý, bu sowalyň jogaby barada degişli türkmen ýolbaşçylary oýlansynlar.

Döwletmyrat R. Ýewropada okaýan türkmenistanly student. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG