Sepleriň elýeterliligi

Halkara metbugatlar Hazar barada ýazýar


Türkmenistanyň prezidenti ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň 30-njy awgustda geçirilen maslahatynda Hazarda harby-deňiz bazasyny döretmek barada çykyş etdi.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, harby-deňiz bazasyndaky güýçler hemişelik esasda ornaşdyrylar. Hazaryň türkmen kenarynyň goragyny üpjün etmek maksady bilen yzygiderli harby-deňiz okuwlar toplumyny geçirmegi göz öňünde tutmaly.

Bu çykyş dürli habar serişdelerinde köp sanly reaksiýalaryň peýda bolmagyna getirdi.

Azerbeýjanly harby ekspert Uziýer Jafarow

Azerbeýjanly harby ekspert Uziýer Jafarow “1 news.az ” agentligine şeýle diýipdir: “ Eger Türkmenistan öz harby-deňiz flotuny güýçlendirmek kararyna gelen bolsa, oňa özüniňki ýaly jogap bermeli. Türkmenistan özüni hiç bir bileleşige goşulmaýan, bitarap döwlet diýip yglan edenem bolsa, onuň öz harby-deňiz flotuny güýçlendirmegini biziň hasaba almaly däldigimizi aňlatmaýar. Sowet Soýuzyndan Azerbeýjana Hazarda erbet bolmadyk harby-deňiz baza ýetdi, ony Sewastopoldaky Gara deňiz we Kaliningraddaky Baltika flotiliýalary bilen deňeşdirip bolar”.

Azerbeýjanly deputat Aýdyň Mirzozada

Azerbeýjanyň Milli Mejlisiniň howpsuzlyk we goranmak komitetiniň başlygy Aýdyň Mirzozadanyň sözlerine görä, Türkmenistan Azerbeýjan üçin dostlukly ýurt. “Ol şu mesele boýunça ýardam üçin Azerbeýjana ýüz tutsa, meniň pikirimçe, ýok diýilmez. Çünki Azerbeýjanyň bu ugurdan uly tejribesi bar hem dünýäde ykrar edilen harby-deňiz güýçleri bar”.

Today`s Zaman

Günbatarda çykýan “Today’s Zaman” gazetinden sitata: “Nabukko proýektini Türkmenistansyz amala aşyrmagyň kyn boljakdygy baradaky pikir bilen köp ekspertler ylalaşýarlar. Ýöne Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda köpden bäri dowam edýän jedeller proýekti amala aşyrmagyň ýolunda dur.

Ýöne soňky iki ýylda ÝB-niň we ABŞ -nyň goldamagynda iki ýurduň wekilleri dawalary çözmek üçin yzygiderli maslahatlar geçirýärler. Häzir bu ugurdan böwsüş bolmasa-da, ahyrsoňy taraplaryň meseläni çözjegine umyt bar. Iki ýurt bilenem gowy gatnaşykdaky Türkiýe hem Türkmenistanyň we Azerbeýjanyň ynamyndan peýdalanyp, jedeli çözüp biler” .

German eksperti Aleksandr Rar

Energetik meseleler hem GDA ýurtlary boýunça german eksperti Aleksandr Rar “TREND.news” agentligine Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň berkändigini, öz bähbitlerini gorajaklygyny beýleki döwletlere görkezmek isleýändigini aýdypdyr.

“90-njy ýyllaryň ahyryndan bäri Baku bilen Aşgabadyň arasynda jedeller baram bolsa, Hazar bilen bagly haýsydyr bir çynlakaý harby konfliktiň döremegini göz öňüne getirip bilmeýärin” -diýip, Berdimuhamedowyň sözlerinde agressiw signalyň ýokdugyny aýdypdyr.

Onuň sözlerine görä, soňky ýyllar Türkmenistan izolýasiýadady, wakalara daşyndan syn edýärdi. Häzir Aşgabat “Nabukko” proýekti, Transhazar we Prikaspi proýektleri bilen gyzyklanýar.

Türkmenistan häzir diňe bir Hytaýa däl, Günbatara-da çykalga gözleýär.

Aleksandr Raryň pikiriçe, Berdimuhamedowyň bu beýannamasy Hazarda serhetleri belli etmek meselesine täsir ýetirer.

Orsýetli harby geňeşçi Wladimir Masorin

“Türkmenistanyň Hazarda harby-deňiz bazasyny döretmegi regionda emele gelen howpsuzlyk sistemasyny üýtgetmez. Ol regiona howp salmaz” diýip, Orsýetiň Goranmak ministriniň geňeşçisi, harby-deňiz güýçleriniň öňki baş serkerdesi, admiral Wladimir Masorin ITAR-TASS agentligine aýdypdyr.

Milli harby-deňiz güýçleriniň yzygiderli türgenleşik geçirmegine düşünmek bilen garaýandygyny, Orsýetiň hem Türkmenistanyň harby-deňiz güýçlerinde bilelikde çözer ýaly umumy meseleleriň hemişe tapyljakdygyny, şol meseleleriň ozaly bilen terroristlere, kontrabandistlere garşy göreş, deňizde halas ediş ýaly işlerdigini Orsýetli admiral aýdypdyr.

NATO

“Hazar regionynda ykdysady aktiwlik artýar, bu gowy täzelik. Biz ýaranlarymyz bilen ykdysady aktiwligi goramakda kömek bermek üçin işleýäris. NATO Hazar deňzindäki ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edýär ” diýip, Brýusselde NATO-nyň metbugat edarasynyň işgäri “1 news.az” agentligine gürrüň beripdir.
XS
SM
MD
LG