Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan türk gämisiniň kapitanyna 24 ýyl berdi


Gürji sudy türk ýük gämisiniň kapitanyna 24 ýyl iş kesdi. Oňa bu jeza Gürjüstanyň bölüniji Abhaziýa sebiti babatdaky ykdysady gabawy bozanlygy üçin berildi.

Türk kapitany gaçakçylykda we Gürjüstanyň basylyp alnan topraklar baradaky kanunyny bozmakda günäli tapyldy. Bu kanun, Tbilisiniň razylygyny almazdan, Abhaziýada we Günorta Osetiýada ykdysady iş bilen meşgul bolmagy gadagan edýär.

Gürji häkimietleri bu gämini geçen aý, Türkieden Suhumä ýangyç getirýärkä tussag etdi.
XS
SM
MD
LG