Sepleriň elýeterliligi

Lawrow “taryhyň täzeden ýazylmagyna” garşy duýduryş edýär


Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Stalinçilik bilen Nasizme deňeçer garamak babadaky hereketleri ýazgaryp çykyş etdi.

Ol Moskwada bir uniwersitetde söz sözläp, Nasizm giden halklary gul etmekçidi, Sowet Soýuzy Hitlerçi Germaniýanyň uruş maşynyna garşy durup bilen ýeke-täk güýç boldy diýdi.

Lawrow bu sözleri dünýä liderleriniň Polşada 2-nji jahan urşunyň başlanmagyny bellän gününe gabat aýtdy.

Polýaklar we gündogar Ýewropadaky beýleki halklar sowet diktatory Iosif Stalin urşuň başlanmagynda Nasistik Germaniýa bilen deň jogapkär, sebäbi ol gizlin şertnama baglaşyp, Polşanyň basylyp alynmagyna ýol açdy diýýärler.
XS
SM
MD
LG