Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň iň uly “energiýa merkezi”


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýip Ärdogan (sagda), Russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşdy, 6-njy awgust, 2009 ý.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýip Ärdogan (sagda), Russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşdy, 6-njy awgust, 2009 ý.

Türkiýäniň “Zaman” gazetiniň garaýşyça, bu ýurt indi “dünýäniň iň uly energiýa merkezi” diýen ady alyp biler. Hökümetiň Türkiýäni ilki Ýewropanyň, soň regionyň, indi hem dünýäniň energiýa merkezine öwürmek barada alada edip geldi we gelýär. Bu tagalla on ýyldan köpräk wagt bäri dowam edýär. Soňky wagtlarda baglaşylan halkara şertnamalary Türkiýäniň ahyrsoňy bu ady almagyna mümkinçilik döretdi.

Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen tebigy gaz turbasy ”Nabukko”, Orsýet bilen Günorta Akym proýekti, Katar bilen suwuk gaz we mümkin bolan geçiriji, Azerbeýjan bilen onuň üzňelige salnan regiony Nahiçewana gaz eltmek, Siriýa bilen gaz importy barada gelnen ylalaşyklar Türkiýäniň energiýa ugrundaky tagallalaryny halkara mediasynda ýygy duşýan sözbaşa öwürdi.

Bu ösüşler geň zat däl. Bu surata üns berseň, Anatoliýanyň energiýa çeşmeleri akdyrylýan turbalaryň geografik çatrygynda ýerleşýändigi görnüp dur. Türkiýe dünýäniň uly tebigy gaz çeşmeleri bolan Orsýet, Hazar regiony, Eýran, Yrak, Pars aýlagy, Müsür we dünýäniň uly bazarlarynyň biri bolan Ýewropa Bileleşiginiň aralygynda ýerleşýär. Ankaradaky karar çykaryjylar bu uly mümkinçiligiň suratyny görýärler, ”Nabukko” ýaly proýektler bilen hem Türkiýäniň bu potensialyny ilerledýärler.

Kärdeşleriniň muňa köplenç gözi düşenok

Olaryň Brýussel we Ýewropanyň beýleki paýtagtlaryndaky kärdeşleriniň welin, bu surata köplenç gözi düşenok. Ýewropaly karar çykaryjylar Türkiýä Hazaryň energiýa çeşmelerine aralaşara bir alternatiw koridor, Ýewropa Bileleşigindäki sarp edijileri Azerbeýjan we Türkmenistan bilen birikdirere, energiýa çeşmelerini köpeldip, Orsýete garaşlylygy kemeldere bir mümkinçilik diýip garaýarlar. Ankara bilen Brýussel arasynda utgaşyksyz syýasatlara getirýän zat – şu çäkli gözýetim. Türkiýä şübheli garaýan fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi bilen alman kansleri Angela Merkeli-hä agzap hem ýörmeli däl. Munuň bir mysaly ”Nabukko” barada uzaga çeken we kynçylykly geçen gepleşikler.

Ýewropanyň şu çaka çenli alternatiw çeşmelere ulaşmaklyga gönükdirilen syýasaty indi Ýewropa Bileleşigi bilen Hazar regiony arasyndaky topraklara gözegçilik edýänligi üçin Türkiýe bilen bir ylalaşyga däl-de, onuň bilen global energiýa merkezi hökmünde hakyky ýaranlyga gönükdirilmeli. Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agzalygyny şu wagta çenli çylşyrymlaşdyryp gelen zadyň şu şowakörlükdigine gürrüň ýok. Dünýäniň uly energiýa bazarlarynyň biri indi gapysynyň agzynda duran dünýäniň iň uly energiýa merkezi bilen gepleşige girişmeli.

Günbataryň karar çykaryjylary Türkiýäniň uly energiýa suratyna ýa doly baha bermeli ýa-da Ermenistanyň Türkiýä elektrik eksport etmegi, türk ýadro sektorynyň Orsýetiň eline geçmegi ýaly oslanmadyk ýagdaýlara garaşmaly. “Dünýäniň iň uly energiýa merkezi” diýen sözbaşy ýeke Türkiýäniň özüne bolan ynamyny artyrmaga gönükdirilenok. Ol şol bir wagtyň özünde-de Ýewropada we Birleşen Ştatlarda Türkiýeden ýüzüni sowýanlara bir duýduryş bolup durýar.

Aleksandros Petersen Waşingtonda ýerleşýän Atlantik geňeşiniň Ýewraziýa energiýasy boýunça merkeziň direktorynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG