Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanlylar Türkiýe bilen gatnaşyklaryň gowulanmagyna protest bildirýär


Milletçilere tarapdar ermenileriň müň çemesi Ýerewanda Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda diplomatiki gatnaşyk gurmak barada baglaşylan ylalaşyga protest bildirdi.

Bu iki ýurt 31-nji awgustda Osman imperiýasynyň 1.5 million ermenini gyranlygy baradaky aýyplamalar bilen bagly dawany soňlamak ylalaşygyna geldi.

Ermenistandaky milletçiler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmazdan we umumy serhetleri açmazdan öň Türkiýäniň gyrgynçylyk edendigini boýun almagyny talap edýärler.

Analitikler gatnaşyklaryň gowulanmagy iki ýurt üçin hem peýda -- Ermenistan täze bazarlara we söwda ýollaryna eýe bolmak islese, Ankara Ýewropa Bileleşigine goşulmak babatdaky mümkinçligini artdyrmak isleýär diýýärler.

XS
SM
MD
LG