Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe we Ermenistan ýakynlaşmakçy


Ermenistanyň prezidenti Sers Sarkisýan (çepde) we Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül Pragada, 7-nji maý, 2009 ý.
Ermenistanyň prezidenti Sers Sarkisýan (çepde) we Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül Pragada, 7-nji maý, 2009 ý.

Türkiýe we Ermenistan bir asyrlap dowam edip gelýän duşmançylygyny goýbolsun edip, syýasy gatnaşyklaryň dikeldilmegi ugrunda bilelikde iş alyp barýarlar.

Iki ýurduň daşary işler ministerleri bir ýyla çeken gepleşiklerden soňra duşenbe güni beýannama ýaýradyp, diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we olary ösdürmek hakynda iki sany protokola gol çekmezden ozal 6 hepdeläp, ýerli geňeşçiler bilen maslahat etjekdiklerini habar berdiler. Taraplaryň ylalaşan dokumentini iki ýurduň parlamentleri tassyklamaly.

Şwesariýanyň araçylygy bilen alnyp barlan gepleşikleriň şu tapgyrynda Türkiýe we Ermenistan bilelikdäki beýannamany ýaýratdylar. Şonda taraplaryň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we gatnaşyklary ösdürmek barada iki sany protkola gol çekilmezden öň olaryň jikme-jigi dogrusynda alty hepdeläp maslahat etjekdiklerini habar berdiler.

Iki döwletiň diplomatik gatnaşyklary ýok, araçäkleri bolsa ýapyk, üstesine 1915-nji ýyldaky gyrgynçylyk sebäpli aralarynda taryhy duşmançylyk bar.

1993-nji ýylda ermeni goşunlary Azerbeýjanyň topragy bolan Daglyk Garabagy basyp alandan soňra, Türkiýe Ermenistan bilen araçägini ýapdy. Regionda täsirni artdyrmak isleýän, sebitiň energiýasyny öz üstünden Ýewropa aşyrmagy planlaşdyrýan we Ýewropa Bilelelşigine agza bolmak isleýän Türkiýäniň öňünde Gretsiýa bilen Kipr adasynyň üstünde, Garabag sebäpli Ermenistan bilen arada, içerki syýasatda bolsa, kürt meselesi bilen bagly soraglar öz çözgüdine garaşýar.

Protokollar makullanan ýagdaýynda

Protokollar iki ýurduň parlamentleri tarapyndan makullanylan ýagdaýynda güýje girer. Köp sanly Türk deputatlary bolsa, Garabag dawasynyň çözülmegi ugrundaky gepleşiklerde Ermenistanyň pozisiýasyna ynanmaýarlar.

«Hurriýet Daily News» gazetiniň işgärlerinden Barjin Ýinanç Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde protokollaryň geňeşine geçmezden ozal deputatlaryň Daglyk Garabag konfliktiniň çözgülmegi ugrundaky özara gepleşiklerde ösüşiň bardygyny görmek isleýän bolmaklary ähtimal diýýär: «Daglyk Garabag konflikti hakynda uly bir ösüş gazanmazdan, häzir protokollary makullamak üçin parlamanete basyş etmek kyn bolar. Daglyk Garabag konflikti çözülen ýagdaýynda Türkiýe Ermenistan bilen araçägini açjagyny aýdyp gelýär. Protokol kabul edilenden iki aý soňra, araçäk açyljak. Ýöne ondan ozal deputatlar Daglyk Garabag meselesinde ösüşiň bardygyny görmek isleýärler.»

Ýerewandaky Milli we Halkara meseleleri öwrenmek boýunça Ermenistan merkeziniň direktory Riçard Giragosian protokollary makullamak üçin iki ýurduň parlamentiniň alyp barjak hereketlerinde gejekki iki aýyň örän möhüm boljakdygyny aýdýar.

Protokolyň makullanmagy üçin Ankaranyň Daglyk Garabag meselesini şert edip goýmanlygy örän möhüm diýip, ol sözüne goşýar we ýene şeýle diýýär:«Türkiýeli resmileriň Azerbeýjany ynandyrjak bolup birnäçe aýlap eden diplomatik hereketlerine garamazdan, şeýle karara gelmekleri geň galdyryjy, protokollarda bolsa Daglyk Garabag meselesi agzalmaýar, oňa Ermenistanyň Azerbeýjanyň territoriýasynyň bir bölegini öz golastynda saklamagy bilen bagly mesele girizilmändir. Daglyk Garabag meselesini agzamazlyk köp halatlarda diplomatik ylalaşyga sebäp bolup bilýär.»

Şeýle-de, ol Ermenistan bilen gatnaşyklarda Daglyk Garabag meselesine Türkiýeli liderleriň gaýtadan dolanmaklarynyň mümkindigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG