Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Türkmenistan bilen gepleşikler dowam edýär


NATO-nyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça ýörite wekili Robert Simmons.
NATO-nyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça ýörite wekili Robert Simmons.

Häzirki wagtda NATO Türkmenistan bilen haýsy ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýdy? Türkmenistanyň Hazat deňzinde harby-deňiz bazasyny gurmak baradaky planlaryna NATO nähili garaýar? Bu barada NATO-nyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça ýörite wekili Robert Simmons bilen Azatlyk Radiosyndan Myrat Nurgeldi söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Simmons, geçen hepde Türkmenistan Hazar deňzinde serhet howpsuzlygy üçin niýetlenen harby-deňiz bazasyny gurmak baradaky planlaryny yglan etdi. Bu habary halkara ekspertler Türkmenistan bilen territorial dawasy bolan Azerbeýjana yşarat hökmünde kabul etdiler. Şeýle hem bu ýurtlar NATO-nyň Owganystandaky operasiýalary üçin tranzit döwletler bolup durýarlar. Potensial konfliktlere sebäp bolup biljekdigi aýdylýan Türkmenistanyň şol planlaryna NATO nähili garaýar?

Robert Simmons: Maňa iki zady belläp geçmäge rugsat ediň. Birinjiden, Hazar deňzi diňe bir tranzit çäreleri däl-de, gün-günden söwdanyň ähli görnüşleri üçin giňden ulanylýan deňze öwrülip barýar. Muňa energiýa önümçiligi hem girýär. Şu ýagdaýda regiondaky birnäçe döwletler şol tranzit ýollarynyň we energiýa üpjünçiliginiň goragynyň ugruna çykdylar. Şol sebäpli degişli döwletleriň serhet howpsuzlyklaryny, harby-deňiz güýçlerini berkitmek islegleri adaty zat.

Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky düşünişmezlige gelenimizde, bu ýurtlaryň ikisi hem NATO-nyň “Parahatçylyk Ugrundaky Hyzmatdaşlyk” Programmasynyň agzasy. Şol parahatçylyk hyzmatdaşlygynyň prinsipleriniň biri agza ýurtlar arasyndaky dawany parahatçylykly ýol bilen çözmek. Bu iki ýurduň arasynda nähili düşünişmezlik bar hem bolsa, parahatçylykly ýagdaýda çözüler diýip, umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Geçen hepde ýaýradylan habarlara görä, Türkmenistan bilen Azerbeýjan german AWACS uçarlarynyň öz howa giňişliklerinden geçmeklerine rugsat bermändigi sebäpli bu uçarlaryň Owganystana missiýalary soňa süýşürilipdir. Türkmenistan we Azerbeýjan näme sebäpden şeýle karara geldiler?

Robert Simmons: Bilşimize görä, olar entek karara gelmediler. Biz bu ýurtlaryň ikisi bilen hem Owganystana tranzit boýunça gepleşiklerimizi dowam etdirýäris. Meniň bir zady nygatap geçesim gelýär. Şol AWACS uçarlarynyň Owganystandaky maksady razwedka däl, ulanylaýan ýagdaýynda-da, olaryň öňünde goýulýan wezipe – howa gatnawlary boýunça gözegçilik bolar.

Şu ýagdaýda iki zady belläp geçmäge rugsat ediň. Birinjiden, biziň Türkmenistan bilen alyp barýan işlermiziň ählisi bu ýurduň bitaraplyk statusyna doly gabat gelýär. Biz Türkmenistanyň bitaraplygyna düşünýäris we doly hormat goýýarys. Ýöne biziň Owganystdanky çärelerimize ýardam berýän Şweýsariýa we Finlandiýa ýaly başga bitarap döwletler hem bar. Şol sebäpli Owganystan boýunça hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bitaraplyk statusyna çapraz gelmeýär.

Türkmenistan bize häzir birnäçe uçarlarymyzy öz howa giňişliginden geçirmegimize rugsat berýär. Şol uçarlar esasan hem harby bolmadyk ýükleri alyp barýan ýük uçarlarydyr. Ýurduň bitaraplygyna doly gabat gelýän şol goldawy biz gowy garşylaýarys. Owganystana howa gatnawlarynyň gözegçiligi üçin barýan AWACS uçarlarynyň hem edil şolar ýaly tranzit hukuklaryna eýe bolmagy üçin bolsa, gepleşiklerimizi dowam etdirýäris.

Azatlyk Radiosy: Owganystandaky amerikan we NATO goşunlarynyň harby bolmadyk üpjünçiligi üçin niýetlenen demirgazyk üpjünçilik aragatnaşygyna degişli transport merkezine Türkmenistanyň hem goşulmaga başlandygy baradaky habarlar bar. Häzirki wagtda Aşgabatda hereket edýän NATO-nyň harby iş topary barmy? Eger bar bolsa şol iş toparynyň wezipesi näme?

Robert Simmons: Türkmenistanda hiç hili ýer transportumyz ýok. Biz bu barada gepleşik geçirdik, emma türkmen hökümeti rugsat bermedi. Şol sebäpli ýer transportyny ulanmaýarys.

Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, biziň harby däl ýükleri daşaýan uçarlarymyz diňe howa giňişligini ulanýar. Elbetde, adatdan daşary ýagdaýlarda gonmaga hukuk berilýär. Mysal üçin, bu ýurduň üstünden geçip barýan uçarlarda näsazlyk ýüze çykyp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda gonmaly bolýar, bu tebigy zat. Ýöne NATO uçarlary Türkmenistanyň territoriýasynda adaty ýagdaýda yzgiderli gonuş çärelerini geçirmeýär.

Şol sebäpli Türkmenistanda hereket edýän iş toparymyz ýa-da NATO güýçleri ýok. Bize adatdan daşary ýagdaýlarda ýangyç guýmak üçin gonmaga rugsat berilýär. Ýöne ýangyç üpjünçiligi operasiýalaryny gurnamak üçin hereket edýän ýörite NATO topary ýok.

Azatlyk Radiosy: NATO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary nämelerden ybarat?

Robert Simmons: Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri NATO-nyň Parahatçylyk Ugrundaky Hyzmatdaşlyk Programmasyna işjeň gatnaşýar. Meniň özüm hem 4-5 gezek Türkmenistana sapara bardym we türkmen hökümeti bilen gowy gatnaşyklary ýola goýduk.

Türkmenistan ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyk çäreleriniň birnäçesini saýlap alýar. Olar esasan hem “adatdan daşary ýagdaýda graždan planlaşdyryşy” programmasyny saýlap alýar we bu ugur boýunça şu güýzde konferensiýa geçiriler. Türkmenistan ylym boýunça programma, esasan hem “Täze eýýamyň ýüpek ýoly” proýektine işjeň gatnaşýar. Prezident hatda özüniň hem bu proýekti ulanandygyny aýtdy. Bu hem belläp geçmeli zat.

Şeýle hem biz harby meseleler boýunça gepleşikleri ýola goýýarys. Men täze bellenilen Goranmak ministri bilen duşuşdym we biz geljekde onuň hem NATO-nyň baş ştabyna sapar etjekdigine umyt edýäris. Umuman, harby ugurlar boýunça giňelýän gatnaşyklarymyz bar. Ýöne, ýaňy hem belläp geçişim ýaly, hyzmatdaşlyk programmasynyň ençeme agzasy bitarap ýurtlar we biz Türkmenistanyň hem bitaraplyk statusyna doly hormat goýýarys.
XS
SM
MD
LG