Sepleriň elýeterliligi

Ýewropaly maliýe delegasiýasy Aşgabatda


2004-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky öz ýurtlarynda syýasy-ykdysady reformalara päsgelçilik döredýän Merkezi Aziýa režimlerine kömegi ýatyrmak kararyna gelipdi.

2004-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky öz ýurtlarynda syýasy-ykdysady reformalara päsgelçilik döredýän Merkezi Aziýa režimlerine kömegi ýatyrmak kararyna gelipdi.

“Ýewropanyň uly maliýe guramasynyň delegasiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, ýurduň Merkezi bankynda, Strategik planlaşdyryş we ykdysady ösüş institutynda, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary milli institutynda kabul edildi” diýlip, Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Delegasiýanyň Türkmenbaşy (öňki ady Krasnowodsk) port şäherine baryp, şäher häkimliginde, “Türkmendeňizderýaýollary” edarasynda, Milli “Awaza” turistik zolagy boýunça komitetde duşuşyklary geçirjekdigi-de habar berildi.

Ýewropa banky Türkmenistanda nähili işler alyp barýar?


Bank “Tambas” hem “Bas” atly iki programmany durmuşa geçirýär. “Tambas” programmasynyň ýolbaşçysy hanym Şarlot Selford Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugyna beren interwýusynda Türkmenistanda kiçi hem orta biznesi ösdürmek, ýerli telekeçilere bu ugurdan teoretik hem praktik kömek bermek boýunça iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

Hanym Selforduň sözlerine görä, “Tambas” atly programma kiçi göwrümde iş alyp barýan kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna biznes strukturasyny düzmek, ony ösdürmek, gazanç etmegiň usullary, ýollary boýunça türgenleşik geçirýär. “Bas” programmasy ýerli kampaniýalar bilen iş alyp barar ýaly ýerli kadrlary we ekspertleri türgenleşdirip, olaryň iş ukyplaryny giňeltmek bilen meşgullanýar.

“Şol ýetişdirilen kadrlar biznes strategiýasyny düzmek, reklama işlerini alyp barmak, dürli edaralardan maliýe kömegini almak we şuňa meňzeş işler bilen meşgullanarlar. Ine, iki programmanyň tapawudy” –diýip, Ýewropanyň rekonstruksiýa we ösüş bankynyň “Tambas” programmasynyň başlygy Şarlot Selford aýtdy.

“Tambas” programmasynyň Türkmenistandaky bölüminiň koordinatory Wasiliý Skrýankow alyp barýan işleri barasynda şeýle diýdi: “Bu ýurtda türkmen telekeçilerine ýardam edýän hem türgenleşik geçirýän bäş sany toparymyz bar. Şol toparlaryň agzalary mundan öň Ýewropanyň uly kompaniýalarynda iş tejribesine eýe bolan adamlar. Olar şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýa ýurtlarynda-da belli bir iş eden adamlardyr”.

Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýew şol aladalaryň täsiriniň paýtagtdan uzakdaky welaýatlarda-da duýulýandygyny aýtdy: “Lebap welaýatynda biznes plan düzmegiň ýollary barasyndaky teklipleri, maslahatlary hödürleýän seminarlar geçirýärler. Biznes plan düzmek, orta biznes bilen meşgullanmak barada gollanmalary neşir edip, ýaýradýarlar. Biznes plan düzüp, maddy kömek alan, öz işini ýola goýan adamlar welaýatymyzda bar”.

Gatnaşyklaryň geçmişi

2004-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky öz ýurtlarynda syýasy-ykdysady reformalara päsgelçilik döredýän Merkezi Aziýa režimlerine kömegi ýatyrmak kararyna gelipdi. Bankyň başlygy Jan Lemer S.Nyýazowa ýollan hatynda: «Geljekki hyzmatdaşlyk diňe açyk ykdysadyýet, köppartiýaly sistema, garaşsyz sudlar döredilip, alternatiw prezident saýlawlary geçirilen ýagdaýynda, söz we metbugat azatlygyna ýol açylyp, adam hukuklaryna hormat goýlan halatynda mümkin» diýip, ýazypdy.

Şol wagtlar Ýewropa banky bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklar gowy däldi. Ýurtda häkimiýet çalşansoň, bank ýene-de Türkmenistana üns berip başlady.

Öňde duran meseleler

Türkmenistan boýunça ekspert professor Artem Ulunýanyň sözlerine görä, häzir türkmen häkimiýetleriniň önünde duran esasy meseleleriň biri – açyk hem ýapyk görnüşdäki uly möçberli işsizlik.

“Kiçi we orta biznesi ösdürmezden, şol problemany çözmek mümkin däl. Telekeçiligiň ösmegi bilen dolandyryjy kadrlar peýda bolar. Ýewropa banky şol iş bilenem meşgullanýar. Türkmenistanda häzir kadrlar ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Türkmen häkimiýetleri diňe bir hoşniýetli gatnaşyklar üçin däl, öz ýiti problemalaryny çözmek, döwleti hem jemgyýeti ösdürmek üçinem bu bank bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy” diýip, ekspert A.Ulunýan aýtdy.

Türkmen parlamenti ýakynda telekeçilik barasynda täze kanun kabul etdi. Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maglumatynda ençeme ministrlikde, banklarda Ýewropa bankynyň delegasiýasynyň gepleşikleriniň planlaşdyrylandygy, Türkmenistanyň ykdysady reformalary amala aşyrmagyň kontekstinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmek meselesiniň şol gepleşikleriň gün tertibine girizilendigi habar berildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG