Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Patriarh Kirilliň beýgelişi


Falikowyň pikriçe, Kirill döwlet bilen bolan gatnaşyklarynda kyn deňagramlylyk döretmäge synanyşýar.
Falikowyň pikriçe, Kirill döwlet bilen bolan gatnaşyklarynda kyn deňagramlylyk döretmäge synanyşýar.
Patriarh Kirill ýaňy awgust aýynyň aýagynda Orsýetiň Sewerodwinskdäki iň uly gämi portuna baranynda, doly harby hormat bilen garşylandy. Ol soňra şol ýerdäki işçilere: “Orsýetiň goranyş başarnygy prawoslaw hristian gymmatlyklary bilen berkidilmeli. Siz buthana gitmekden, çagalaryňyza prawoslaw dinini öwretmekden utanmaň. Onsoň biziň raketalarymyz bilen gorara bir zadymyz bolar.”

Kirilliň hristian dini bilen dünýewi ýaraglary biri-birine baglanyşdyrmagy Orsýetde aýratyn-da dini azlyklary geňirgendiren bolsa gerek. Ýöne bu waka patriarhyň barha artýan syýasy gabarasyny-da görkezýär.

Din we syýasat

Boris Falikow Moskwanyň gumanitar uniwersitetiniň dini barlaglar boýunça professory. Ol: “Kirill patriah bolaly aradan alty aý geçer-geçmez Orsýetiň daşary hem içeri syýasatyna öz tagmasyny basyp ugrady” diýýär. “Patriarh Kirill gaty gujurly adam. Ol özüne ýeke bir dini şahsyýet däl, eýse dünýewi işlerde-de rol oýnap biljek adam hökmünde garaýar” diýip, Falikow aýdýar.

Synçylar Kirilliň Orsýetiň dünýewi häkimiýetleri bilen bolan gatnaşygyny asyrlar boýy dowam edip gelen ýakyn hem gowgaly ilteşik kontekstinde ýerine ýetirilýän bir çylşyrymly oýun diýip häsiýetlendirýärler.

Falikowyň pikriçe, Kirill döwlet bilen bolan gatnaşyklarynda kyn deňagramlylyk döretmäge synanyşýar. “Ol dünýewi häkimiýetler bilen bir umumy dil tapyşýar. Şol bir wagtyň özünde buthananyň özbaşdaklygyny ýitirmän, Kremle tabyn gurala öwrülmeli däldigine-de düşünýär. Ýöne olaryň bähbitleri köplenç deň gelýär. Sebäbi hristian buthanasyna döwletden köp zat gerek. Ybadathana-da döwlete köp zatlary berýär” diýip, Falikow belleýär.

Ukraina sapar

Kirilliň syýasy roly aýratyn-da onuň ýaňy Ukraina eden saparynda belli boldy. Ol şonda Moskwa patriarhatyna eýerýän hristianlar bilen Ukrainanyň özbaşdak prawoslaw buthanasyna uýýanlary birleşdirmäge synanyşdy. 28-nji iýulda telewideniýeden görkezilen çykyşynda Kirill: “Ýewropa bilen ýakyn gatnaşyga ymtylyp, umumy prawoslaw hristian gymmatlyklaryny pida etmäň” diýip, ukrainlere ýalbardy.

Igor Ýatsow Ukrainanyň Grek-Katolik-Buthanasynyň başlygynyň metbugat sekretary. Onuň pikiriçe, Kirilliň gürrüňleri dini ýolbaşçynyň däl-de, Ukrainada täsir sferasyny döretmäge synanyşýan bir ors syýasatçysynyň gürrüňleri. “Bu sapar bir dini sapar däl-de, syýasy sapardy. Kirilliň bölüp bolmajak iki dogan halklar baradaky beýantlaryny diňläniňde, özüňe ol Ukrainanyň bir garaşsyz döwletdigine şindi-de düşünmedimikä diýen soragy berýärsiň” diýip,Ýatsow aýdýar.
XS
SM
MD
LG