Sepleriň elýeterliligi

Yrak BMG-dan Bagdat partlamalaryny derňemegi soraýar


Yragyň premýer ministri Nury al-Maliki BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň geçen aý Bagdatda 95 adamy öldüren partlamalary derňemäge başlamagyny sorady.

19-njy awgustda Daşary işler hem Maliýe ministrlikleriniň daş işiginde we beýleki ýerlerde bolan partlamalar bir günüň dowamynda iň kän adam ýitgisine sebäp bolupdy.

Yrak lideri BMG-a ýazan hatynda bu partlamalary derňemek boýunça garaşsyz halkara komissiýasynyň döredilmegini soraýar. Bagdat ozal bu işde öňki prezident Saddam Huseýiniň Baas partiýasyny günäläpdi we Siriýanyň terrorçylara pena berýändigini aýdypdy. Siriýa Yrakdan öz aýdýan zatlaryny subut etmegini sorapdy.
XS
SM
MD
LG