Sepleriň elýeterliligi

Rus žurnalisti ýurtdan gaçdy


Rus ýük gämisiniň Atlantiki deňizde ýitirim bolmagynyň aňyrsynda syýasy äheňleri gören rus žurnalisti ýurtdan gaçmagy üçin basyş edilendigini aýdýar.

Sowfrakt Marin Býulleten internet saýtynyň redaktory Mihail Woýtenko Stambuldan “Moskow taýms” gazetine telefon edip, “Arktiki deňiz” işi bilen bagly ýazgylary üçin Orsýetden gaçmaly bolandygyny aýtdy. Ol özüne basyş görkezen adamyň adyny aýtmady.

Rus häkimiýetleri “Arktiki deňziň” iýulda Şwesiýanyň golaýynda alnyp gaçylandygyny, soňra rus deňizçileri tarapyndan günbatar Afrikan kenarynda awgustyň ortasynda azat edilendigini aýdypdylar. Ýöne olar agaç önümleri ýüklengi diýlen gäminiň ogurlanmagynyň mümkin bolan sebäplerini düşündirip bilmändiler.

Birnäçä kommentator, şol sanda Woýtenko bu gäminiň ýarag gaçakçylygy bilen dahylly bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG