Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran parlamenti 21 hökümet kandidatyndan 18-sini tassyklady


Eýran parlamenti prezident Mahmut Ahmedinejadyň teklip eden 21 ministrinden 18-sini tassyklady.

Kanun çykaryjylar Ahmedinejadyň Goranmak ministri edip saýlan adamy Ahmed Wahidä höwesli ses berip, üç kandidata garşy durdylar. 290 sesden 276 ses alan Wahidi Argentina tarapyndan gözlenýän adamdyr. Ol 1994-nji ýylda Buenos Aýresde Ewreý merkezini partlatmak bilen ilteşikli hasaplanýar.

Şol hadysada 85 adam ölüpdi. Emma parlament Ahmedinejadyň magaryf we abadançylyk ministrliklerine hödürlän aýal kandidatlaryny ret etdi. Ýöne olar beýleki aýal ministri tassyk etdiler.

Bu 1979-njy ýylyň rewolýusiýasyndan bäri saglyk ministri bolan ilkinji aýaldyr.
XS
SM
MD
LG