Sepleriň elýeterliligi

“Owgan ýagdaýy gyssagly, ýöne gitmek plany ýok”


Birleşen Ştatlaryň harby ýolbaşçylary owgan ýagdaýynyň gyssaglydygyny, ýöne ýokary resmileriň prezident Obamanyň strategiýasyna ynanýandyklaryny we goşunlaryň bu ýurtda ekstremistler ýeňilýänçä durjagyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýts penşenbe güni Pentagonda çykyp gürläp, Obamanyň tagallalary, şol sanda Owganystana goşmaça 20 müň goşun ibermegi ýagdaýa diňe indi täsir edip ugraýar we bu starategiýanyň üstünlik gazanmagy üçin wagt berilmeli diýdi.

Geýts Birleşen Ştatlaryň Owganystanda goşun saklamagy terrorçylary ýeňmek üçin zerur diýdi.

Ol Birleşen Ştatlardaky jemgyýetçilik pikir soraşlyklarynda konflikte dahylly bolmaga goldawyň azalýandygyna garamazdan, özüniň Amerikanyň bu ýurtdan goşun çykarmalydygyna ynanmaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG