Sepleriň elýeterliligi

Eýranda deputatlar täze ministrleri tassykladylar


Şu gün, Eýran deputatlary prezident Ahmedinejadyň ministrlik wezipelerine teklip eden 21 kandidatyndan 18-sini tassyklady. Eýran parlamentiniň 290 deputatyndan 276-sy ýurduň Goranmak ministriniň wezipesine teklip edilen Ahmad Wahidiniň kandidaturasyny golladylar. Ol 1994-nji ýylda Agrentinanyň paýtagtynda ýewreýleriň merkezine amala aşyrlan hüjüme dahyllylykda güman edilip, Agrentina tarapyndan gözlenýär. Şol hüjümde 85 adam heläk bolupdy.

Deputatlar bilim hem-de sosial üpçünçilik ministrleriniň orynlaryna teklip edilen iki zenanyň kandidaturasyny gollamadylar.

Şeýle-de energiýa boýunça ministri wezipesine ýurduň prezidenti tarapyndan teklip edilen kandidat deputatlaryň goldawyny tapmady.

Saglygy saklaýyş ministri wezipesine bolsa, ýurtda 1979-njy ýyldaky rewolusiýadan soň ilkinji gezek zenan kandidaty tassiklandy.
XS
SM
MD
LG