Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanly aktiwist tussag edildi


Günbatarly hukuk goraýjy guramalary gazagystanly hukuk goraýjy aktiwistiň tussag edilmegini ýazgaryp çykyş etdiler.

Adam hukuklary boýunça halkara guramasynyň Gazagystan býurosynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Žowtis düýn üçünji sentýabrda Gazagystanyň Almaty welaýatynyň Balhaş raýonynyň sudy tarapyndan 4 ýyl turme tussaglygyna höküm edildi.

Ýewgeniý Žowtis 26-njy iýulda awto-ulag sürüp barýarka 35 ýaşly adamy kakypdyr. Ol adam bu heläkçilikde ölüpdir.

Bu wakadan soň hukuk goraýjy aktiwistiň gany barlanyp, onuň alkogolly içgini içmändigi anyklanypdyr. Bu ýol heläkçiligi boýunça geçirilen tehniki barlaglar hem Ýewgeniý Žowtisiň serhoş ýagdaýda bolan adamyň awto-ulagynyň aşagyna özüni atymagynyň öňüni almaga mümkinçiliginiň bolmandygyny görkezdi.

Emma bu ýol heläkçiliginden birnäçe gün geçeninden soň gazak häkimiýetleri Zowtisiň ganyny gaýtadan barlamaga görkezme berip, onda alkogolyň bardygyny aýtdylar. Netijede hukuk goraýjy aktiwist bu jenaýatda günäli diýlip hasaplandy.

Ynsan hukuklary boýunça “Human Rights Watch” guramasy, Zowtisiň üstünden geçirilen sudyň “adalatly sud prosesiniň esasy standartlaryna gabat gelmeýär” diýip bu barada şu gün ýaýradan beýanatynda belledi.

XS
SM
MD
LG