Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan MAAU-niň diplomyny ykrar etmeýär


Türkmenistan Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetiniň diplomyny ykrar etmeýär. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat wekili Uilýam Stiwens gullugymyza beren interwýusynda aýtdy.

“Her ýylda 10-15 türkmen studenti ilçihana tarapyndan saýlanyp Merkezi Aziýadaky Amerikan universitetine iberilýär. Häzirki döwür bu studentler ýurtdan çykyp bilmeýärler. Biz muňa nämäniň sebäp bolandygyny anyklamaga synanyşýarys” diýip diplomat aýdýar.

Halkara Bilim Boýunça Amerikan Geňeşiniň Aşgabatdaky bir wekili bolsa türkmen häkimiýetleriniň Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetiniň hususy bilim edarasydygyny aýdyp, onuň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilmändigi bilen öz hereketlerini düşündirendiklerini aýtdy.

Şeýle-de ol Bişkekde ýerleşýan Amerikan uniwersitetinde zerur bolan hemme lisenziýalaryň bardygyny aýdyp, bu bilim edarasynyň Gyrgyzystanda resmi taýdan ykrar edilendigini belledi.

Maglumatlara görä, Bişkekde ýerleşýan Amerikan uniwersitetinde okaýan we Türkmenistandan çykarylmaýan studentler indi Bolgariýadaky uniwersitete geçiriler.
XS
SM
MD
LG