Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinjaňda rugsatsyz demonstrasiýalar gadagan


Hytaý hökümeti ýurduň Sinjaň welaýatynyň merkezi bolan Urumçy şäherinde resmi taýdan rugsatsyz geçirilýän demonstrasiýalary gadagan etdi diýip, Hytaýyň resmi Ksinhua habar agentligi maglumat ýaýratdy.

Iki aý mundan ozal bu ýerde uýgurlar bilen hytaýlylaryň arasynda dörän çaknyşyklarda 200-e golaý adam heläk bolupdy.

Häzirki döwür Urumçyda geçirilýan protest-aksiýalaryna hytaýlylaryň gatnaşýandygy habar berilýär. Olar hakimiýetlerden öz howpsuzlgyny üpjün etmegi talap edýärler.

Soňky döwür bu regionda hytaýlylara garşy iňňeli bombalaryň ulanmagynda bir näçe hüjüm amala aşyryldy. Hytaýlylar şol hüjümlerde uýgurlary aýyplaýarlar.

Şu gün Urumçyda ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen demonstasiýany dargatmak üçin polisiýanyň göz ýaşardyjy gazyny ulanandygy habar berilýär.


XS
SM
MD
LG