Sepleriň elýeterliligi

Owganystdanda heläkçilikli partlama boldy


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen şu gün irden Owganystanyň Kunduz welaýatynda iki sany içi ýangyçly awtosisternanyň partlamagy netijesinde heläk bolan adamlaryň arasynda parahat ýaşaýjylaryň bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ol asuda ýaşaýjylaryň ölümi bilen bagly derňewiň geçiriljekdigini wada berip, ýaranlyk güýçleriniň Owganystanda asuda halkyň heläk bolmagynyň öňüni almak babatdaky tagallalaryny dowam etdirýandiklerini nygtady.

Bu wakanyň netijesinde azyndan 90 adamyň heläk bolandygyny, olaryň ýarsynyň parahat ýaşaýjlardygyny Gunduz welaýatynyň häkimi Mohammad Omar habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy, Gunduz welaýatynyň keselhanasyna ýerleşdirilen ýaralananlaryň köpüsiniň asuda ýaşaýjylardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG