Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelanyň prezidenti Aşgabada bardy


 Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes Aşgabatdaky duşuşyk mahalynda, 7-nji sentýabr, 2009 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes Aşgabatdaky duşuşyk mahalynda, 7-nji sentýabr, 2009 ý.

Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes iki günlük sapar bilen Türkmenistana bardy.

Aşgabada barmazdan öň Afrika we Eýrana hem baryp gaýdan Çawes, energiýa ylalaşyklaryny ýola goýmagyň we Wenesueladaky häkimiýeti üçin halkara goldawy artdyrmagyň ugruna çykdy.

Çawes Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we türkmen hökümetiniň ýokary derejeli agzalary bilen boljak duşuşyklarynyň dowamynda energiýa meseleleri boýunça gepleşikler geçirer. Geçiriljek şol gepleşikleriň gün tertibinde potensial global gaz halkasynyň döredilmegi hem bolar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda, Çawesiň saparynyň “uzak möhletli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin oňat esas bolup durýandygyny” belledi.

Türkmen prezidenti hyzmatdaşlygyň haýsy ugry boýunça gürrüň ediljekdigi barada aýtmady, emma Çawes Russiýa, Eýran we Kataryň arasynda maslahat edilýän global gaz halkasy boýunça ideanyň tarapdary bolup durýar.

Merkezi Aziýanyň öňde baryjy gaz önümçiligine eýe bolan Türkmenistan, OPEC guramasynyň tebigy gaz boýunça nusgasy boljak guramanyň gowy agzasy bolup biler diýlip hasaplanylýar.

Emma Çawesiň Aşgabady uly wadalar bermäge yryp biljegi ikuçly.

Türkmen gazynyň günbatara tarap akdyrylmagy boýunça alada edýän Ýewropa Bileleşigi we oňa goldaw berýän hem-de Owganystana barýan NATO-nyň ýük uçarlary boýunça Aşgabat bilen dowamly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny isleýän Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen yzgiderli gepleşikleri geçirýär.

Eýrana sapar

Çawes iki günläp Eýranda bolanyndan soň Türkmenistana sapar edýär. Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad 5-nji sentýabrda Çawes bilen duşuşanyndan soň öz ýurdunyň we Wenesuelanyň “duşmanlarynyň birdigini” we bu ýagdaýyň gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini artdyrýandygyny belledi.

Ahmedinejad Eýranyň we Wenesuelanyň esasy missiýasynyň “ezilen we rewolýusiýa meýilli döwletlere goldaw bermekdigini hem-de imperialistlere garşy göreşi güýçlendirmekdigini” aýtdy.

ABŞ-nyň ýiti tankytçylary bolan Çawes we Ahmedinejad tebigy taýdan ýaranlar.
Çawes has gönümel çykyş edip, bir duşmanyň “ABŞ imperiýasy we onuň ýaranjaňlarydygyny” aýtdy. Şeýle hem Çawes, Eýranyň ýadro programmasyny goldap çykyş etdi we gowy niýetli maksatlar üçin ulanyljak ýadro energiýasyna eýe bolmak boýunça Tähranyň yza ädim ätmejekdigini öňe sürdi.

Uglewodorod serişdelerine eýe bolan ýurtlaryň prezidentleri we ABŞ-nyň ýiti tankytçylary bolan Çawes we Ahmedinejad tebigy taýdan ýaranlar bolup durýar. Eýranyň döwlet mediasynyň habar bermegine görä, bu sapar Çawesiň Eýrana 7-nji ýa-da 8-nji gezek gelişidir.

Çawes mundan öň Liwiýa, Aljire we Siriýa sapara baryp, ABŞ-nyň harby bazasynyň açylmagyna rugsat bermek baradaky Wenesuelanyň goňşusy bolan Kolumbiýanyň planlaryna garşy ýiti çykyş etdi.

Geçmişde Ahmedinejad hem ABŞ-nyň harby bazalarynyň Merkezi Aziýada ýerleşdirilmegine we amerikan goşunlarynyň goňşy Owganystanda we Yrakda harby operasiýa alyp barmaklaryna garşy şuňa meňzeş çykyşlary edipdi.

Eýranyň we Wenesuelanyň prezidentleriniň ikisi hem öz ýurtlarynda möwç alýan nagilelik bilen ýüzbe-ýüz bolup durýarlar. Çawes Eýrana baran mahaly, 5-nji sentýabrda onuň Wenezueladaky hökümetine garşy protest çäreleri geçirildi.

Iýun aýynda geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlarynda täzeden prezidentlige saýlanan Ahmedinejad hem öz liderligi we hökümetiniň sistemasy boýunça görlüp-eşidilmedik kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Türkmenistana saparynyň dowamynda, Wenesuelanyň prezidenti ABŞ-a garşy alyp barýan çäreleri boýunça örän az goldawa umyt edip biler. Sebäbi häzirki wagtda Türkmenistanyň hem Russiýa bilen arasy gowy däl we şol sebäpli Waşingtonyň degişli tekliplerini Aşgabadyň ret etjekdigi gümana.

Wenesuelanyň prezidenti ABŞ-na garşy alyp barýan syýasaty boýunça, Belarusa we Russiýa tarap saparyny dowam eden mahaly ähtimal has uly goldaw tapar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG