Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelanyň prezidenti Aşgabada sapar edýär


Türkmen Döwlet habarlar gullugy Ýekşenbe güni Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawesiň Türkmenistana resmi sapar bilen barýandygyny habar berdi.

Bu wakanyň öňýany eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ugo Çawes bilen geçiriljek gepleşikleriň Türkmenistan bilen Wenesuelanyň arasynda özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda fundament bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy iki ýurduň sosial-ykdysady, medeni-gumanitar hem-de ylym-bilim pudaklary boýunça özara hyzmatdaşlyklary ösdürmekleri üçin uly potensial mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

Wenesuelanyň prezidenti Türkmenistana saparynyň öňýany Eýrana sapar edip, Eýranyň ýokary derejeli resmileri bilen özara gepleşikler geçiripdi. Ugo Çawesiň Türkmenistana sapary Wenesuelanyň prezidentiniň Merkezi Aziýa regionyna edýän ilkinji sapary hökmünde alamatlanar.

XS
SM
MD
LG