Sepleriň elýeterliligi

Hindistanyň prezidenti Täjigistana sapar edýär


Ýekşenbe güni Hindistanyň prezidenti Pratibha Patiliň üç günlük sapar bilen Täjigistana barýandygy habar berildi.

Maglumata görä, özüniň bu saparynyň barşynda hanym Patil Täjigistanyň prezidenti Ymamali Rahmon hem-de käbir beýleki ýokary derejeli täjik resmileri bilen özara gepleşikler geçirer.

Hepdäniň sişenbe güni bolsa Hindistanyň prezidenti Pratibha Patil Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnaljak dabara hem gatnaşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG