Sepleriň elýeterliligi

Obamanyň maslahatçysy Wan Jones wezipesinden çekilýär


Ýekşenbe güni amerikan prezidenti Barak Obamanyň maslahatçysy Wan Jones özi bilen baglanyşykly käbir dawalar sebäpli wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Jenap Jones şu ýylyň martyndan bäri prezident administrasiýasynyň daşky sreda boýunça maslahatçysy hökmünde işläp gelipdi. Ýöne geçen hepde onuň ýakyn taryhdaky işleri bilen baglanyşykly käbir maglumatlaryň aýan edilmegi netijesinde, onuň şahsyýeti bilen baglanyşykly käbir dawalar ýüze çykdy.

Hususan-da, aýan edilen maglumata görä, Wan Jones 2001-nji ýylyň sentýabrynda Nýu Ýorkda we Waşingtonda amala aşyrylan terror hüjümlerinde amerikan hökümetiniň eliniň bardygy barada ýazylan köpçülikleýin şikaýata gol goýupdyr.

Mundan daşary, ol geçmişde respublikançylary gödek sözler bilen kemsidenlikde hem aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG