Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Günbatar kenarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam eder


Ýekşenbe güni Ysraýylyň hökümeti, Waşingtonyň ýiti tankytlaryna garamazdan, Palestina degişli Günbatar kenarda ýewreý ýaşaýjylary üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklygy planlaşdyrýandygyny ýene nobatdaky gezek tassyklady.

Hususan-da, bu barada Ysraýylyň döwlet radiosynda eden çykyşynda ýurduň Transport ministri Ýysrael Katz premýer-ministr Benýamin Netanýahuwyň ýakyn günlerde Günbatar kenarda täze ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky karara gol çekjekdigini aýtdy.

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň hökümeti Palestinanyň territoriýasynda Ysraýylyň täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky planlarynyň ikitaraplaýyn parahatçylyk gepleşiklerine ýaramaz täsir edýändigini belläpdi.

XS
SM
MD
LG