Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan barada konferensiýa geçirilmegi talap edildi


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Britaniýanyň premýer ministri Gordon Brown, BMG-ni şu ýyllyň ahyryna çenli Owganystan barada konferensiýa geçirmäge çagyrdy.

Merkel, bu konferensiýanyň maksadynyň Kabula has köpräk jogapkärçilik bermekden, howpsuzlyk we hökümeti dolandyrmak meselesi hakda pikir alyşmakdan ybarat boljakdygyny aýtdy.

BMG-nyň bir wekili bolsa, Owganystandaky sýyasy hem ykdysady problemalar barada öňümizdäki ýyl bu ýurtda sammit geçirmek üçin taýýarlyk görülýändigini anna güni mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG