Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky hüjüm barada derňewler dowam edýär


Owganystanda ýerleşýän parahatçylygy goraýjy halkara güýçleri ýakynda Gunduz welaýatynda amala aşyrylan hüjümiň, NATO-nyň düzgüni aýak asty edilip geçirilenligi baradaky hasabatlary ret etdi.

Ady agzalýan halkara güýçleriniň metbugat wekili General Erik Tremblaý, NATO-nyň derňewçileriniň regionda barlaglar geçirýänligini aýdyp, olar henize çenli öz raportlaryny hödürlemediler diýdi.

Gunduz welaýatynyň şäher häkimi Muhammad Omar Frans Pres habar agentligine beren interwýusynda, NATO güýçleri tarapyndan amala aşyrylan şol hüjümde ölenleriň arasynda 6 parahat ýaşaýjynyň hem bardygyny aýtdy.

Ol aýratynam Talyplar tarapyndan alnyp gaçylan ýangyç daşaýan iki maşyn nyşana alnyp amala aşyrylan şol hüjümde, jemi 54 adamyň ölenligini hem habar berdi.

Häkimiň aýtmagyna görä, şol maşynlardan biriniň sürüjisi we onuň ogly hem soňra Talyplar tarapyndan öldürilipdir. Gunduz welaýatynyň şäher häkimi şol hüjümde ölenlerden 48-siniň ýaragly adamlar we galanlarynyň bolsa parahat ýaşaýjylardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG