Sepleriň elýeterliligi

Hazaryň statusynyň çözgüdi gijigýär


Narotedski: "Hazar problemasyny çözmekde beýleki dört döwletiň sowuk-salalygy 11-nji sentýabrda Aktau şäherinde boljak sammitiň gün tertibinden ýene bir gezek görünýär."

Narotedski: "Hazar problemasyny çözmekde beýleki dört döwletiň sowuk-salalygy 11-nji sentýabrda Aktau şäherinde boljak sammitiň gün tertibinden ýene bir gezek görünýär."

Türkmenistanyň Hazar deňziniň hukuk durumyny kesgitlemek bilen bagly prosesi çaltlandyrmak boýunça synanyşyklary beýleki hazarýaka döwletleri tarapyndan häzirlikçe goldaw tapmady.

Tähranda geçirilen hazarýaka döwletleriniň sammitinde, 16-njy oktýabr, 2007 ý.
Bu prosese gatnaşýan döwletlerde, belki, kabul ederlik umumy bir ýörelge, ugur ýokdur. Şonuň üçinem proses maslahat derejesinde saklanýar. Muny Eýransyz hazarýaka döwletleriň dördüsiniň 11-nji sentýabrda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirjek formal däl duşuşygynda Hazaryň hukuk durumy meselesiniň gozgalmajakdygy baradaky maglumat-da tassyklaýar.

Şunuň bilen bagly Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Azerbeýjanyň we Orsýetiň liderleriniň duşuşygynda baş meseläniň – Hazary bölüşmek meselesiniň, gün tertibine girizilmezligi geň dälmi? Eýranyň ýokdugy, bu sammite gatnaşmazlygy şol problemany maslahatlaşmakda duşuşyga gatnaşyjylara päsgel berýärmi? Hazaryň kenarynda ýerleşýän dörtlügiň problemany çözmekde, olaryň oňyn hem garşylykly pikirleri saldarlap görmeklerine päsgel berýän başga-da sebäpler barmy?

Agzalan dörtlügiň biri – Türkmenistan, ol häzir şol herekete aýak direýär. Eýse, bu gep bu meseläniň çözgüdine gelende, onuň ýolunda Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda belli bir ylalaşygyň ýoklugyndan başga-da päsgelçilikler barmy?

Orsýetiň islegsizligi

Belki, muňa, köp sanly halkara synçylaryň öňe sürýän çaklamalaryna görä, beýleki hazarýaka döwletlere garanda, Orsýetiň Hazaryň hukuk durumy meselesinde ylalaşyk gazanylmagyny asla islemeýänligi sebäp bolýandyr? Eger şeýle ylalaşyga gelinse, ol Hazar deňziniň asty bilen Türkmenistandan Azerbeýjana gaz turbasyny çekmäge ýol açar.

Hut şu mesele-de - Orsýetden sowa geçip, Ýewropany gaz bilen üpjün etjek alternatiw ýol bolan “Nabukko” proýektine Türkmenistanyň goşulmagy esasy şertleriň biri bolup durýar. Belki, şonuň üçin Moskwada Hazaryň hukuk durumy meselesine sowuk-sala garalyp, şol ýagdaýam 11-nji sentýabrda boljak Aktau sammitine öz täsirini ýetirýändir?

Eýran faktory

Gazagystanyň DIM-niň resmi wekili Ýerjan Aşikbaýew status meselesine seredilmejekdiginiň sebäbini Eýranyň gatnaşmaýandygy bilen düşündiripdir. Şol bir wagtda-da duşuşykda köp sanly meselelere garaljakdygyny habar beripdir. Şeýlelikde, planlaryň giňligi baş meselä dirände tamamlanýar. Dört sany
Status meselesine seredilmejekdiginiň sebäbi Eýranyň gatnaşmaýandygy bilen düşündirilýär.
lideriň baş meseleden başga islendik zadyň gürrüňi etjekdigi gaty geň dälmi?

Eger dört hazarýaka döwlet belli bir ylalaşyga gelip bilmese, ýa olardan biri muny islemese, bäşinji oýunçynyň - Eýranyň peýda bolmagy Hazaryň status meselesini çözmäge gezek gelende, ýene-de bulaşyklyk döredip biler.

Türkmenistanyň soňky hereketleri bu çylşyrymly ýagdaýlary göz öňünde tutup, türkmen tarapynyň problemany hazarýaka bäşligiň çäginden has uly giňişlige çykarmakçy bolýandygyny aňlatmaýarmy? Belki, şu kontekstde daşarky taraplary Hazar problemasyna çekmek üçin Türkmenistanyň soňky eden hereketler toplumyna baha berilmelidir?

Aşgabat Hazara ünsi çekýär emma…

Aşgabat Hazardaky dawaly ýerler meselesini çözmek üçin halkara barlagçylaryny bu meselä çekmegiň zerurdygyny yglan etdi. Türkmenistan has aňry gidip, Hazarda harby-deňiz bazasyny döretmäge baryp ýetdi, oňa halkara synçylar harby aksiýa hökmünde däl-de, Hazar problemasyna global derejede ünsi çekmek maksady bilen ädilen syýasy ädim hökmünde baha berýärler.

Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýip Ärdogan (sagda) we ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýörite wekili Hawiýer Solana.
Hazar problemasyny çözmekde beýleki dört döwletiň sowuk-salalygy 11-nji sentýabrda Aktau şäherinde boljak sammitiň gün tertibinden ýene bir gezek görünýär. Hazarýaka bäşlikden başga haýsy araçylar Hazaryň hukuk durumyny kesgitlemek meselesinde Türkmenistanyň çagyryşlaryna seslener? Türkiýemi, ABŞ-my ýa-da Ýewropa Bileleşigi?

Belki, prinsipde bu meseläniň çözgüdi ýokdur? Belki, bu jedelde meseläniň petige dirän ýerinde saklanmagyny, ahyrky netijede regionda ýene-de dartgynlylyga eltmegini isleýänler ýeňiji bolup çykar?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG