Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet tranziti kontrakty boýunça Ukrainany aýyplaýar


Duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew Ukrainany öz üstünden geçýän orsýet gazynyň tranziti baradaky özara kontrakty üýtgetjek bolmak tagallalarynda aýyplady.

Häzirki wagt global maliýe krizisinde uly ykdysady kynçylyk çekýän Ukrainanyň häkimiýetleri ýurduň üsti bilen Günbatara geçýän Orsýetiň gazy üçin döwlete ujypsyzja töleg tölenilýändigini öňe sürýärler.

Soňky iki ýylyň dowamynda gazyň bahasy bilen baglanyşykly Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda ýüze çykan dawalaryň netijesinde Günbatar ýurtlara akdyrylýan ors gazy iki gezek kesilipdi.
XS
SM
MD
LG