Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli deputatyň ölümi täzeden derňelýär


Duşenbe güni Orsýetiň häkimiýetleri 1998-nji ýylda janyna kast edilip öldürilen ýurduň ozalky Parlament deputaty Galina Starowoýtowanyň ölümi bilen baglanyşykly jenaýat-derňew işiniň täzeden ýola goýlandygyny mälim etdiler.

Hususan-da, Orsýetiň Federal derňew gullugy Galina Starowoýtowanyň ölümi bilen baglanyşykly täze faktlaryň ýüze çykandygy sebäpli derňew işleriniň gaýtadan ýola goýulmagyna zerurlygyň ýüze çykandygyny habar berdi.

Şu ýylyň iýun aýynda Galina Starowoýtowanyň ölümi bilen baglanyşykly işde güman bildirilip, Orsýetiň ozalky deputaty Mihail Gluşçenkonyň tussag edilmeginiň yzy bilen, Galina Starowoýtowanyň maşgalasy jenaýat-derňew işiniň gaýtadan ýola goýulmagyny haýyş edip, ýurduň prezidenti Dimitriý Medwedewe ýüz tutupdylar.
XS
SM
MD
LG