Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahtisaari Türkiýäniň agzalygynyň gijikdirilmegi boýunça ÝB-ni aýyplady


Duşenbe güni Nobel baýragynyň laureaty Martti Ahtisaari Ýewropa Bileleşigini Türkiýäniň Bileleşige agzalyk meselesi baradaky gepleşikleri uzaga çekdirýänlikde aýyplady.

Hususan-da, jenap Ahtisaari agzalyk gepleşikleriniň 2005-nji ýylda başlanandygyny bellemek bilen, şu geçen döwrüň içinde Ýewropa Bileleşiginiň bu gepleşiklere itergi bermekde netijeli tagalla görkezmändigini aýtdy.

Finlýandiýanyň ozalky prezidenti Martti Ahtisaari häzirki wagt Türkiýe meselesi boýunça garaşsyz Komissiýa ýolbaşçylyk edýär. Şu gün bu Komissiýa Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky borçnamalaryny ýerine ýetirişi bilen baglanyşykly mesele boýunça özüniň ikinji hasabatyny ýaýratdy.

Şu çaka çenli Türkiýäniň Bileleşige agza bolmak tagallalaryna esasan Franciýa, Germaniýa, Kipr we Greciýa ýaly ýurtlar garşylyk görkezip gelýärler.
XS
SM
MD
LG