Sepleriň elýeterliligi

Çawes Türkmenistany energiýa guramasyna goşulmaklyga çagyrdy


Türkmenistana sapar eden Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes şu gün türkmen prezidenti bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistany täze döredilmegi göz öňünde tutulýan halkara energiýa guramasyna goşulmaklyga çagyrdy.

Halkara habar agentlikleriniň bu barada şu günki ýaýradan maglumatlarynda Hugo Çawes bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren gepleşiklerinde energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyklaryň esasy üns merkezinde bolandygy aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes nebit söwdasy boýunça halkara OPEC guramasyna meňzeşlikde gaz söwdasy boýunça halkara guramasyny döretmek ideýasyny goldaýar. Bu ideýa Orsýet, Eýran we Katar ýaly ýurtlar hem üns berip gelýärler. Ýöne Wenesuelanyň prezidentiniň bu göz öňünde tutulýan gurama goşulmak barada eden çagyryşlaryna Türkmenistanyň häkimiýetleriniň nähili jogap berendikleri welin anyk belli bolman galýar.

Ugo Çawes Türkmenistana saparyndan soň, şu hepde Belarusa we Orsýete-de sapar etmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG