Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda güýçli ýer titreme boldy


Gürjüstanda güýçli ýer titreme boldy. ABŞ-nyň Geologiki barlaglar merkeziniň maglumatyna görä, bu ýer titremäniň güýji reaktor ölçeginde 6,2 bala barabardyr.

Gürjüstanyň Içeri Işler ministrliginiň metbugat wekili Şota Utýaşwili Frans Press habar agentligine beren interwýusynda, ýer titremäniň merkeziniň Gürjüstanyň Orsýet bilen araçäkde ýerleşýän daglyk Raça etrabydygyny aýtdy.

Ol aýratynam bu waka bilen bagly, henize çenli ölüm ýitim ýa-da haýsydyr bir ýaramaz habaryň özlerine gowuşmanlygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG