Sepleriň elýeterliligi

Merkel Berliniň Owganystan strategiýasy barada çykyş eder


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Berliniň Owganystan boýunça alyp barýan strategiýasy barada şu gün parlamentde çykyş eder.

Onuň bu çykyşy Owganystanyň demirgazygynda germaniýaly kommandiriň islegi boýunça NATO tarapyndan geçen hepde amala aşyrlan hüjüm barada tankytlaryň aşa artan mahalyna gabat geldi.

Owganystanly bir hukuk goraýjy gurama, duşenbe güni ýaýradan beýanatynda bu ýurduň Gunduz welaýatynyň çar-dere etrapynda ýakynda amala aşyrylan şol hüjümde, 70 töweregi parahat ýaşaýjynyň ölenligini habar berdi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzai düýbi Fransiýada ýerleşýän Li Figaro gazetine beren interwýusynda bu hüjüme germanialy esgerler tarapyndan göýberilen aşa uly ýalňyşlyk diýip baha berdi.

Berlin bolsa, öz kommandiri tarapyndan kabul edilen bu kararyň arkasynda durdy.
XS
SM
MD
LG