Sepleriň elýeterliligi

Wenesuela bilen Eýran özara hyzmatdaşlygy artdyrýar


Eýranyň hökümeti düýn ýaýradan beýanatynda Wenesuela bilen bu ýurduň hersiniň biri-biriniň energiýa pudaklaryna 760 million dollar maýa goýmak barada karara gelenliklerini mälim etdi.

Bu baradaky karara Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawesiň ýakynda Tährana eden saparynyň dowamynda gelnipdir.

Eýranyň energiýa ministrliginiň web sahypasynda çap edilen maglumatda aýdylşyna görä, Wenesuealanyň döwlet eýeçiligindäki nebit kompaniýasy Eýranyň aýlag regionynda ýerleşýän günorta pars gaz ýataklaryna 760 million dollara barabar maýa goýar.

Şol bir wagtyň özünde Tähranyň bolsa Wenesuelanyň iki nebit ýatagyny özleşdirmek üçin 760 million dollar maýa goýjakdygy habar berildi.

Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes ýekşenbe güni eden çykyşynda bu ýurduň oktýabardan başlap, Eýrana nebit eksport edip başlajakdygyny hem mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG