Sepleriň elýeterliligi

Kabulyň aeroportynda hüjüm boldy


Owganystanyň paýtagty Kabulyň aeroportynda ölümine kaýyl bolanyň hüjümi netijesinde azyndan 3 adam heläk bolup, birnäçesiniň ýaralanandygy habar berilýär.

Owgan resmileriniň tassyklamagyna görä, heläk bolanlaryň hemmesi asuda ýaşaýjylar. Janyndan geçen hüjümçiniň ulagy ýaranlyk güýçleriniň howa bazasynyň golaýynda, aeroportyň girelgesinde partlady diýip, owgan polisiýasy maglumat berdi.

Talyplaryň metbugat sekretary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz guramasynyň üstüne alýandygyny aýdyp, bu hüjümde NATO degişli 3 harby maşynyň ýok edilendigini habar berdi.

NATO-nyň resmileri entek bu waka bilen bagly jikme-jik maglumatlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG