Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystanda dikuçar ýykyldy


Gazagystanda serhet gulluklaryna degişli bolan MI-8 kysymly dikuçar heläkçilige uçrady. Bu wakada 10 adamyň heläk bolup, 3-siniň ýaralanandygy habar berilýär.

Günorta-Gazagstan welaýatynyň Adatdan daşary bölüminiň Interfaks habar gullugyna beren maglumatyna görä, Özbegistan bilen araçäge ugran wertalýotuň guýrugy dag gaýasyna degip, güýçli urgy 3 adamyň dikuçaryň kabinasyndan zyňylmagyna sebäp bolupdyr. Soňra dikuçar şol ýere gaçyp partlapdyr.

Onuň içindäki 10 adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG