Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Lawrow: ABŞ-Russiýa gatnaşyklary gowlaşýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öz ýurdunyň ABŞ bilen gatnaşyklarynyň gowlanýandygyny mälim etdi.

Bu barada şu gün “Rossiýskaýa gazeta” gündeliginde çap edilen makalada Sergeý Lawrow şu ýylyň dekabr aýynda möhleti tamamlanýan ýaragsyzlandyrmak boýunça şertnamanyň ýerine täze dokumentiň üstünde işlenmegi babatda gepleşikleriň geçiriljekdigini aýdypdyr.

Bu 1991-nji ýylda kabul edilen START atly şertnamanyň ýerine täze dokumetiň işlenmegi barada ABŞ-nyň hem Orsýetiň prezidnetleri şu ýylyň iýul aýynda ylalaşypdylar.
XS
SM
MD
LG