Sepleriň elýeterliligi

Merkel: Owganystandaky hüjüm derňeler


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel NATO-nyň asuda ýaşaýjylaryň ölümine sebäp bolan howa hüjümi boýunça doly derňewiň geçiriljekdigini mälim etdi.

Owganystanyň Gunduz welaýatynda 4-nji awgustda iki sany içi ýangyçly awtosisternany oka tutmak buýrugy Germaniýanyň komandowaniýasy tarapyndan berilipdir.

Owgan resmileriniň beren maglumatlaryna görä, bu hadysada azyndan 54 adam heläk bolupdyr. Olaryň arasynda parahat ýaşaýjylaryň hem bardygy aýdylýar.

Germaniýada geçirilmeli ählumumy saýlawlaryň öňýanynda ýüze çykan bu waka, Germaniýada owgan urşy barada uly disskusiýalardyr-çekişmeleriň peýda bolmagyna sebäp boldy, diýlip maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG