Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky saýlawlarda galplyk bolandygy aýdylýar


Owganystada geçirilen saýlawlara gözegçilik edýän guramanyň maglumatlaryna görä, geçen aý bu ýurtda geçirilen saýlawlarda galplyklara ýol berilendigi dogrusynda anyk maglumatlar bar.

Saýlawlar bilen bagly şikaýatlara garaýan komissiýa Owganystanda saýlawçylaryň 100%-iň gatnaşandygyny maglumat beren saýlaw uçastoklarynda hem-de dalaşgärleriň biriniň sesleriň 95%-ni gazanan uçastoklarda sesleriň gaýtadan sanalmalydygyny şu gün bu barada ýaýradan beýanatynda ýazýar.

Şu gün irden, BMG-nyň Owganystandaky ýokary derejeli wekilleri bu ýurtda geçirilen saýlawlarda ýüze çykan galplyklaryň üstüni açmak meselesinde hereket etmäge çagyrdy.

Bu mesele bilen baglanşykly çykyş eden Kai Eide Owganystanyň saýlaw kommisiýasynyň resmilerini nädogry doldurylan hemme saýlaw býullitenlerini hasaba goşmazlyga çagyrdy.

Şu gün irden Owganystanyň saýlawlar boýunça garaşsyz kommisiýasy ýurtdaky 447 saýlaw uçastoklarynda 200 müňe golaý sesleriň sanalandygyny mälim etdi. Bu bolsa bütin ýurt boýunça sesleriň 74%-tiniň sanalandygyny aňladýar.

Reuters habar gullugynyň ýaýradan soňky maglumatyna görä, häzirlikçe sanalan sesleriň netijeleri Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň sesleriň 54%-ti bilen ýeňiş gazanandygyny görkezipdir.

Onuň esasy garşydaşy, ýurdyň öňki Daşary işler ministri Awdylla Awdyllanyň sesleriň takminan 32%-ni ýygnandygy habar berlipdi. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanmak üçin prezident Karzaýa saýlawçylaryň sesleriniň azyndan 50%-ni almalydyr.
XS
SM
MD
LG