Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berk liniýa we reformaçylar çekeleşýär


Eýranyň rewolusion gwardiýasy bolan pasdarlaryň başlygy Muhammet Ali Jafari.
Eýranyň rewolusion gwardiýasy bolan pasdarlaryň başlygy Muhammet Ali Jafari.
Saýlawlardan soňky wakalar berk liniýanyň we reformaçylaryň arasyndaky çekeleşikleriň dowam edýändigini görkezýär, olary köşeşdirmek üçin ýurduň ýokary derejeli dini lideri bu meselä goşulmaga mejbur boldy. Iki tarap hem birek-biregi yslam respublikasyna zyýan ýetirenlikde aýyplaýarlar.

Berk liniýanyň tarapdarlary bu meselede “Mahmal rewolýusiýany” amala aşyrmaga synanyşyk eden reformaçylary günäkärleýärler. Sistemany goramak maksady bilen hereketi basyp ýatyrmak isleýän režime zyýan ýetirenlikde reformaçylar berk liniýany aýyplaýarlar.

Oppozision ýolbaşçylaryň suda çekilmegini islenýär

Berk liniýadan prezident Mahmut Ahmadinejad saýlawlardan soňra dörän bidüzgünçiliklere gönüden-göni dahyly bolan oppozision ýolbaşçylaryň suda çekilmegini isleýär.

«Bidüzgünçilige ýolbaşçylyk edenler we ony planlaşdyranlar duşmanlarymyzyň goldawyny kabul etdiler, iň bärkisi dymyp, duşmanyň goldawyny kabul etdiler, sistema zarba urmaga synanyşdylar, olar sud jogapkärçiligine çekilmeli» diýip, Ahmadinejad aýtdy.

Oppozision herekete ýolbaşçylyk eden esasy şahsyýetleriň tussag edilmek mümkinçiligine üns berildi. Olaryň arasynda Eýranyň ozalky prezidenti M.Hatemi, prezidentlige kandidat Musawi, Karrubi we ekspertler assambleýasynyň başlygy Rafsanjany dagylar bar.

Eýranyň rewolusion gwardiýasy bolan pasdarlaryň başlygy Muhammet Ali Jafariniň çykyşyndan soňra bu baradaky aladalar hasam artdy. Ikinji sentýabrdaky çykyşynda Jafari reformaçylaryň ýokary derejeli şahsyýetlerini adamalary köçe ýörişlerine çagyryp, Aýtolla Hameniniň häkimiýetini agdarmaga synanyşyk edenlikde aýyplady. Bidüzgünçilikde resmiler 30 adamynyň, oppozisiýa bolsa 72 adamynyň ölendigini öňe sürýärler.

“Jafariniň haky ýok”

Eýranyň parlamentindäki «Ymam» diýen fraksiýanyň başlygy Husseýin Haşemiýan berk tankydy äheňde çykyş edip: «Jafari 6-njy sentýabrda harby dererjesine aşa buýsanyp şeýle sözleri ara atdy, hatda yslam respublikasynyň düýbüni tutan Aýtolla Homeýni-de, syýasata harbylaryň goşulmagyna garşydygyny mälim edipdi» diýdi.

Jafari sud prosesinde reformaçylar bidüzgünçilige baş goşandyklaryny boýun aldylar diýdi. Öz kommentariýasy üçin Jafari sud jogapkärçiligine çekilmeli diýip, Haşemiýan aýtdy. Şeýle-de, ol suda çekilýän reformaçylaryň aglabasynyň geçen 30 ýylyň dowamynda ýokary derejelerde gulluk edendiklerini-de ýatlatdy.

“Parlamennews” websaýtyna beren maglumatynda Haşemiýan harby wezipeli kişi hökmünde, sýyasy işlere goşulmaga Jafariniň haky ýok diýdi.

Rewolýusion gwardiýany esaslandyranlardan biri, häzir bolsa ABŞ-da yören Muhsen Sazgara, Azatlyk Radiosynyň pars gullugy Radio Farda bilen söhbetdeşlikde Jafariniň çykyşy hakynda şeýle diýdi: «Eýranyň sud sistemasy garaşsyz däl, ol howpsuzlyk güýçleriniň täsirinde hereket edýär, sud hiç haçan şular ýaly şikaýata gözegçilik etmez, ýöne onuň günüň tertibine girizilmegi syýasy täsir taýdan oňyn iş, halkyň sudýadan bolan köp sanly talaplaryna seretmeli» diýip, Sazgara aýtdy.

Suda çekilmeli diýip, Jafariniň adyny agzanlaryndan ýurduň ozalky prezidenti M.Hatemi yslam döwletiniň arkasyndan hanjar urýanlykda, faşizme tarap barýanlykda hem 12-nji iýundaky saýlawlaryň netijesini ýok etmekde berk liniýanyň tarapdarlaryny aýyplady.
XS
SM
MD
LG