Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-Orsýet gatnaşyklary nähili barýar?


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (aňry tarapda) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew metbugat konferensiýasynda, 6-njy iýul, 2009 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (aňry tarapda) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew metbugat konferensiýasynda, 6-njy iýul, 2009 ý.

Waşington Orsýet bilen aragatnaşygyna täzeden badalga berjekdigi baradaky kararyny iýul aýynda yglan edipdi. Bu pikir Amerikanyň Wise-prezidenti Jo Baýdan we Döwlet sekretary Hillari Klinton tarapyndan Moskwa barada düzülen sýyasatyň jikme-jigini aýan etmek üçin prezident Barak Obamanyň Moskwa eden saparynda orta atyldy.

Şol saparynyň dowamynda prezident Obama Kremliň ýakynynda geçirilen bir ýygnakda halk köpçüligine ýüzlenip eden çykyşynda, Moskwany köne usuldaky sýyasaty ýöretmekde aýyplapdy. Ol aýratynam Waşington bilen ýaryşmak isläp, Moskwanyň beýleki ýurtlary öz täsiriniň astyna almaga synanyşmagynyň ýalňyş syýasatdygyny mälim edipdi.

“Bu hili çaklamalar we pikirler ýalňyşdyr. 2009-njy ýylda uly güýçler öz güýjüni beýleki ýurtlary öz täsiriniň astyna almak arkaly görkezmeli däidirler. Patyşalaryň küşt tagtasynda beýleki ýurtlaryň özbaşdaklygyna howp salýan döwri geçdi” diýip, prezident Obama öz çykyşynda aýdypdy.

Obama şol çykyşynyň dowamynda geçen ýylyň awgustynda Gürjüstana Orsýet tarapyndan goşun iberilmegi baradaky meselä hem ünsi çekdi. Şol waka Orsýet bilen gunbatar ýurtlarynyň aragatnaşygyny sowuk uruş döwründäki derejesine getiripdi.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşiniň Orsýet we Ýewraziýa boýunça departamentiniň ýokary derejeli maslahatçylaryndan biri Mişel MakFaul Obama administrasiýasynyň Orsýet baradaky sýyasatynyň düýbüni tutan hökümet resmilerinden biridir. Ol iýulda geçirilen ýygnakdan öňüsyra habarçylara beren interwýusynda Waşingtonyň Orsýetiň wekilleriniň daşarky dünýä baradaky garaýyşynyň nämeden ybaratdygyny bilmeýänligini aýdypdy.

ABŞ-na bäsdeş hökmünde garalýar

“Men olaryň biz barada özara geçirýän gepleşiklerinde has agyr sözler ulanýanlygyna ynanýaryn. Olar biziň birinji maksadymyzyň Orsýetiň güýjüni gaçyryp, onuň daş-töweregini gabap almakdygyny we Waşingtony güýçlendirip Orslaryň bolsa, güýjüni azaldar ýaly ädimleri ätmekden ybaratdygyny pikir ediýändiklerini çaklasa bolar” diýip, Amerikanyň wekili aýtdy.

Orsýet bilen Amerikanyň arasyndaky agzalalyga sebäp bolan esasy meselelerden biri hem Ukraina bilen Gürjüstanyň NATO guramasyna agza bolmak üçin edýän tagallalaryna Orsýetiň garşy çykmagydyr.

“Biz NATO guramasynyň giňeldilmegi bilen baglanyşykly Orsýeti gaýtadan ynandyrmaga taýyn. Ukraina we Gürjüstan bilen söwda ederis we Orsýeti alada goýjak hiç hili herekete baş goşmarys. Biz Orsýet bilen aragatnaşygymyza täze badalga bermek baradaky bu plan boýunça agzalan täze iki demokratik ýurt bilen öz ýakyn aragatnaşygymyzy hiç haçan goýbolsun etmeris” diýip, Mak Faul nygtady.

Obamanyň Orsýet baradaky bu sýyasatynyň has dolyrak görnüşi Latyn Amerika bilen bir hatarda ýakyn gundogarda ýerleşýän ýurtlara-da doly sarpa goýmaklygy we olaryň arasynda bäsdeşlik däl, ähli taraplaryň bähbidine gabat gelýän hyzmatdaşlygy ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

Garward Uniwersitetiniň professory Marşal Goldman bu baradaky tagallalaryň Orsýet bilen ABŞ-nyň arasyndaky bu dartgynlygy bireýýäm birneme koşeşdirenligini aýtdy. “Obama bu ugurdaky ähli meselelere gaýtadan garaýar. Şunlukda munuň dunýäniň taryhynda täze bir etap döretmegi mümkiň” diýip, Amerikan alymy aýtdy.

Orsýetiň soňky hereketleri


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem Obamanyň bu syýasatyny iýul aýynda bolan duşuşykda dogry tapýanlygyny aýdypdy. “Obama tarapyndan ýolbaşçylyk ediliýän bu täze administrasiýa ýagdaýy üýtgetmek barada isleg bildirip, has täsirli, ynamly we şunlukda döwrebap aragatnaşygy gurmaga taýýardygyny görkezdi. Biz öz üstümize düşen borjy berjaý etmäge taýýar” diýip, Dmitriý Medwedew aýdypdy.

Emma şol günden soňra, Orsýet tarapyndan ädilen ençeme ädim Waşingtonyň Moskwa bilen gatnaşygyna kölege saldy. Meselem, awgust aýynda Kreml Ýewropanyň araçylygynda atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşygyň şertlerini äsgermän, Gürjüstandan bölünen Abhaziýada we Gunorta Osetiýada öz harby güýçleriniň sanyny artdyrdy.

Munuň yz ýany bilen Orsýet bu ýurduň raýatlaryny hem-de Orsýetiň bähbitlerini goramak üçin daşary ýurtlara harbylary ibermekligi aňsatlaşdyrýan täze kanun taslamasyny kabul etdi.

Moskwada ýaşaýan Orsýetli synçy Kiril Rogow Obamanyň bu hili aladalarynyň Orsýet bilen ABŞ-nyň aragatnaşygyna o diýen täsirini ýetirmänligini belledi. “Aýratynam umumy gymmatlyklara hormat goýmak baradaky Obamanyň eden çykyşy Orsýet ýaly awtoritar ýurtlar göz öňünde tutulanda, o diýen täsirli bolmady” diýip, Orsýetli synçy Rogow tassyklady.
XS
SM
MD
LG