Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda geçirilen saýlawlarda Karzaý öňde barýar


Owganystanda 20-nji awgustda geçirilen saýlawlaryň netijeleri barada düýnki ýaýradylan maglumatda prezident Hamid Karzaýyň berilen sesleriň 54 prosenti töweregini gazananlygy mälim edildi.

Eger bu netije şeýle dowam etse bu saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmejegini aňladýar. Emma yglan edilen bu maglumat berilen sesleriň 91 prosentiniň netijesidir.

Bu saylawlar aşa galplyklara ýol berilenligi baradaky aýyplamalaryň kölegesinde galdy. Bu netije Karzaýyň iň esasy garşydaşy bolan Abdylla bilen arasyny ep-esli açdy. Sebäbi ol şu mahala çenli sanalan seslerden diňe 28-% töweregini gazanmagy başarypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de saýlawlar boýunça BMG tarapyndan döredilen şikaýat kommisiýasy galplyklara ýol berilenligi şübhe edilen käbir regionlarda sesleriň gaýtadan sanalmagyny talap etdi.

Bu hem Karzaýyň alan sesleriniň azalmagynyň mümkindigini aňladýar. Saýlawlaryň ahyrky we resmi netijesi bolsa bu baradaky şikaýatlar doly barlanandan soň sentýabr aýynyň ahyrlarynda yglan ediler.
XS
SM
MD
LG